«Saz gurallarynyň şasy» hasaplanýan pianinoda 88 klawişiň bardygy sebäpli, bu baýramçylyk ýylyň 88-nji güni bellenilýär. Bütindünýä pianino güni şu ýyl 28-nji marta gabat geldi. 2015-nji ýylda ýola goýlan pianino baýramçylygynda pianinoçy ussatlaryň konsertleri guralýar. Özüne bendi ediji bu saz guralynyň ýakymly owazyndan teşneligiňi gandyryp, duýgular ummanyna gar bolup bolýar. Birnäçe taryhy ösüşleri başdan geçirip, häziri görnüşe getirilen pianino romantizm akymynyň bir bölegi hasaplanýar. Bütindünýä pianino gününde aýdym-sazyň ösüşi barada bellenilip, pianinonyň taryhy barada gyzykly gürrüňler edilýär.
Gyzykly maglumatlar
- Italiýaly sazanda Bartolomeo Kristofori 1709-njy ýylda ilkinji pianinony döredýär. Pianinonyň ilkibaşdaky ady «Gravicembalo col piano e forte» bolup, «ýumşak we gaty ses çykarýan klawiaturaly saz guraly» diýmegi aňladypdyr. Soňra «pianofort» diýlip atlandyrylan bu saz gural, häzirki wagta pianino ady bilen gelip ýetdi.
- Pianino çaganyň ösüşine, esasan hem, dil ukybyny ösdürmäge ýardam edýär.
- Täze zelandiýaly fortepianoçy Adrian Mann dünýädäki iň uly pianinony ýasaýar. «Aleksandr Pianino» atly äpet saz guralynyň uzynlygy 5,7 metre barabar bolup, agramy 1 tonnadan geçýär.
- Dünýäniň iň gadymy pianinosy Nýu-Ýorkuň Metropoliten sungat muzeýinde saklanýar.
- Pianino 12 müň bölekden ybarat bolup, saz çalnanda olaryň 10 müňüsi hereket edýär.