Dünýäniň awtoulag senagatynda iň irki sergileriň biri bolan Nýu-Ýork Halkara awtoulag sergisi ertir, 29-njy martda açylýar. 8-nji aprele çenli dowam etjek sergä dünýäniň onlarça kompaniýasyndan awtoulaglar we awtoulaglara degişli soňky tehnologiýalar görkeziler. Olaryň arasynda soňky ýyllarda has köp göze ilip başlan elektroulaglaryň hem bardygyny görmek bolýar. Ine, ertirden başlap köpçülige görkeziljek awtoulaglaryň käbiri: