Soňky ýyllarda kosmosy öwrenmäge has köp maýa goýum gönükdirilýär. Beýleki planetalary has ýakyndan öwrenmek maksady bilen Aýyň ýüzünde hem dürli desgalaryň gurulmagy maksat edinilýär. Dartyş güýji Ýeriňkiden pes bolansoň, Ýeriň hemrasy kosmosy öwrenmekde has gowy mümkinçilik hödürleýär. ABŞ-nyň “Northrop Grumman” korporasiýasy bolsa, Aýyň ýüzünde demir ýol gurmagy meýilleşdirýär. Kompanýanyň wekilleri Aýdaky demir ýoluň täjirçilik maksatly ulanylyp, adamlary we ýükleri gatnadyp biljekdigini belleýärler. Bu taslamanyň kosmos ykdysadyýetine goşant goşjakdygy bellenildi. Taslamany durmuşa geçirmek üçin ilki näçeräk serişdäniň gereklidigi anyklanar. Soňra bolsa onuň töwekgelçilikleri hasaplanyp, synag maksatly görnüşi taýýarlanar.
ABŞ we Hytaý Aýyň ýüzünde hemişelik beket gurmagy meýilleşdirýär.