Fran­si­ýa­da il­kin­ji res­to­ra­nyň dö­re­me­gi bi­len Ýer ýü­zün­de köp­çü­lik­le­ýin na­har­la­nyl­ýan ýer­le­riň sa­ny ar­typ baş­la­ýar. Res­to­ran­lar kö­pel­di­gi­çe-de, ola­ryň ara­syn­da bäs­deş­lik esa­syn­da hö­dür­le­nil­ýän şert­ler hem ös­dü­ril­ýär. My­sal üçin, ulu­ly­gy, nahar­la­ry­nyň sa­ny, te­bi­gat­da ýer­le­şi­şi hem-de hyz­mat­la­ry ba­bat­da dür­li gör­nüş­li döw­re­bap na­har­ha­na­lar bar. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da dün­ýä­dä­ki tä­sin res­to­ran­lar ba­ra­da­ky gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.

Iň ki­çi res­to­ran. Finl­ýan­di­ýa­nyň Iý­sal­mi şä­he­rin­dä­ki Ku­ap­pi res­to­ra­ny dün­ýä­niň iň ki­çi res­to­ra­ny ha­sap­lan­ýar. 1994-nji ýyl­da Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len res­to­ra­nyň tu­tuş meý­da­ny 8 ine­dör­dül met­re, myh­man­lar üçin ni­ýet­le­nen bö­le­gi 3,6 ine­dör­dül met­re deň. Onuň için­de bir stol, iki otur­gyç bar. Da­şyn­da­ky bö­lek­de – eý­wan­da iki adam­lyk stol bar. Ku­ap­pi müş­de­ri­le­ri di­ňe tom­su­na ka­bul ed­ýär. Il­ki­baş­da de­mir ýol iş­gä­ri­niň gö­zeg­çi­lik no­ka­dy hök­mün­de gur­lan bu jaý­ja­gaz hä­zir­ki wagt­da dün­ýä bel­li ýer­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. Kö­lüň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän res­to­ra­na bar­mak üçin öňün­den sar­gyt et­me­li. Sar­gyt eden­le­re ol ýer­de ýer­li pan­ja­ra ba­ly­gyn­dan dür­li ta­gam­lar, aw­çy çö­re­gi, kö­me­lek­li çor­ba bi­len gow­ru­lan çö­rek hö­dür­le­nil­ýär. Ku­ap­pi­niň myh­man­la­ry­na na­har­dan soň res­to­ra­na ba­ran­dyk­la­ry ba­ra­da şa­ha­dat­na­ma hem be­ril­ýär.

Iň be­ýik res­to­ran. Hy­ta­ýyň Şan­haý şä­he­ri­niň ady­bir gök­di­rä­nin­de ýer­leş­ýän «Heaven­ly Jin» re­kord­lar ki­ta­by­nda «Dün­ýä­niň iň be­ýik res­to­ra­ny» diý­lip ha­sa­ba alyn­dy. Şan­haý di­ňi­niň 120-nji ga­tyn­da ýer­leş­ýän bu res­to­ran ýer­den 556,36 metr be­ýik­lik­de ýer­le­şip, myh­man­la­ry­na şä­he­riň gö­zel­lik­le­ri­ni ýo­kar­dan syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Na­har sa­naw­na­ma­syn­da Ýew­ro­pa­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň hem-de Hy­ta­ýyň nus­ga­wy ta­gam­la­ry esa­sy orun eýe­le­ýär. Mun­dan baş­ga-da, myh­man­la­ra ça­ýyň bir­nä­çe gör­nü­şi hö­dür­len­ýär. Be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len hem ün­si çek­ýän res­to­ra­nyň myh­man­la­ry açyk aş­ha­na bö­lü­min­de sar­gyt eden ta­ga­my­nyň taý­ýar­la­ny­şy­ny syn­lap bil­ýär­ler.
Iň go­wy su­was­ty res­to­ran. Dün­ýä­de su­was­ty na­har­ha­na­la­ryň dür­li ýer­ler­de bir­nä­çe­si bo­lup, Mal­diw­le­riň It­haa su­was­ty res­to­ra­ny iň go­wu­sy ha­sap­lan­ýar. Su­wuň 5 metr aşa­gyn­da ýer­leş­ýän bu res­to­ran göz öňü­ne geti­ri­şi­ňiz­den has aja­ýyp bo­lup, de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň ara­syn­da na­har­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu ýer­de kä­bir geň gal­dy­ry­jy düz­gün­ler hem bar. Res­to­ra­na gir­mez­den ozal köw­şü­ňi çy­ka­ryp, bas­gan­çak­lar­dan aşak­ly­gy­na dü­şüp, na­har­la­nyl­ýan ýe­re bar­ma­ly. Bu ýer iň köp sel­fi dü­şül­ýän ýer­le­riň bi­ri bo­lup, daş-tö­we­re­giň­den ýü­züp bar­ýan ýüz­ler­çe de­ňiz jan­da­ry­ny syn­la­nyň­da ja­dy­ly dün­ýä dü­şen ýa­ly bol­ýar­syň. Bu ýer­de de­ňiz önüm­le­rin­den taý­ýar­la­nan ta­gam­lar bi­len bir ha­tar­da, mi­we­dir süý­jü­lik­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri myh­man­la­ra hö­dür­len­ýär.
Iň go­wy to­kaý res­to­ra­ny. Tai­lan­dyň tro­pik to­kaý­ly­gyn­da agaç­lar­dan «sal­la­nyp du­ran» So­ne­wa Ki­ri­ açyk te­bi­gat­da­ky dün­ýä­niň iň go­wy res­to­ra­ny ha­sap­lan­ýar. Bu ýe­re gel­ýän myh­man­lar aga­ja ber­ki­di­len bas­gan­çak­lar ar­ka­ly öz­le­ri üçin ni­ýet­le­nen ýe­re – ýo­ka­ry çyk­ýar­lar. Res­to­ran­da äh­li zat te­bi­gy bo­lup, ba­nan aga­jy­nyň ýap­ra­gy gap-gaç hök­mün­de ula­nyl­ýar. Gow­ru­lan tok­ly eti res­to­ra­nyň esa­sy ta­ga­my­dyr. Ofi­siant­la­ryň agaç­la­ra ber­ki­di­len ýüp­ler­den sal­la­nyp, myh­man­la­ra hyz­mat et­me­gi bu ýer­dä­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ryň bi­ri­dir. Hö­würt­ge şe­ki­lin­dä­ki res­to­ran­da to­ka­ýyň we kö­lüň owa­dan­ly­gy­ny syn­lap, lez­zet­li dynç alyp bol­ýar.