13 ýyldan bäri Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan Bolgariýa we Rumaniýa Şengen sebitine girmäge hukuk gazandy. Ýewropa Bileleşigine 2007-nji ýylda agza bolan bu ýurtlar 1-nji aprelden başlap, Ýewropa Bileleşiginiň ygtyýarnamasyz syýahat etmäge degişli bolan Şengen sebitine girdi. Şeýle-de bolsa, iki ýurt Şengen sebitine bölekleýin girizildi. Ýagny, bu iki ýurtda ýaşaýanlar diňe gara we deňiz ýoly arkaly çäklendirme bolmazdan beýleki Ýewropa ýurtlaryna gidip bilerler. Gury ýer serhetlerinde bolsa, Awstriýanyň migrantlaryň akymynyň ýüze çykyp biljekdigi sebäpli bu karary weto edendigi üçin gözegçilik dowam etdiriler. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen jemgyýetçilik torundaky akkaundynda bu iki ýurduň Şengen sebitine goşulandygyny belläp, “Howa we deňiz serhet gözegçilikleriniň aradan aýrylmagy mende kanagatlanma duýgusyny döretdi. Iki ýurduň halky üçin hem uly üstünlik, şol bir wagtyň özünde Ýewropanyň çäklerindäki millionlarça Ýewropa Bileleşigi raýatlarynyň bähbidine bolar. Şengen sebiti has-da güýçli bolar” diýip ýazdy.
Rumyniýanyň hökümeti bolsa, Şengen düzgünleriniň ýurduň 17 aeroportynda, şol sanda Buharestiň iň uly howa menzili bolan Otopeni aeroportynda, 4 deňiz portunda ýöreýändigini mälim etdi. Beýanatda ýolagçylara kömek etmek üçin serhet polisiýasynyň işgärleriniň sanynyň artdyryljakdygy we galp resminalary anyklamak üçin tötänleýin barlaglaryň boljakdygy aýdyldy.
Şengen sebitine Ýewropa Ykdysady Bileleşiginiň 5 agzasy Germaniýa, Belgiýa, Fransiýa, Lýuksemburg we Niderlandlar tarapyndan 1995-nji ýylda esaslandyrylýar. Soňra bu ýurtlaryň agzalarynyň sany 27-e ýetipdi. Bolgariýa bilen Rumyniýanyň goşulmagy bilen serhet gözegçiligi bolmazdan syýahat edip bolýan ýurtlaryň sany 29-a ýetdi. Şengen sebitine Ýewropa Bileleşigine agza bolmadyk Şweýsariýa, Norwegiýa, Islandiýa we Lihtenşteýn ýurtlary hem girýär.
Horwatiýa 2013-nji ýylda Ýewropa Bileleşigine agza bolan hem bolsa, bu iki ýurtdan has ir geçen ýylyň başynda Şengen sebitiniň 27-nji agzasy bolupdy.