“World Nature Photography Awards” baýragynyň emin agzalary 2024-nji ýylyň iň gowy ýabany tebigat bilen baglanyşykly suratlaryna bagyşlanan bäsleşigiň ýeňijilerini mälim etdiler. Baş baýraga Şetland adalarynyň kenarynda aw awlaýan süm-süm guşlarynyň fotosuraty üçin britaniýaly fotograf Treýsi Lund mynasyp boldy.
Şri-Lankaly Laskshitha Karunarathhnanyň fotosuraty ikinji orna mynasyp boldy. Jouni Erolanyň düşüren suraty bolsa, üçünji orna mynasyp görüldi.
“World Nature Photography Awards” bäsleşigi Angliýanyň London şäherinde ýerleşýän Tebigat taryhy muzeýi tarapyndan her ýyl geçirilýän ýabany tebigaty surata düşürmek boýunça halkara bäsleşikdir. Muzeýde her ýyl ýeňiji fotosuratlaryň sergisi guralýar. Bu bäsleşik dünýäniň iň abraýly surat ýaryşlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Ilkinji bäsleşik üç ugur boýunça 1964-nji ýylda geçirilipdi.