Dünýä Ralli çempionatynyň möwsümdäki 3-nji ýaryşy Keniýada geçirildi. 3 günläp dowam eden Safari Rallisinde soňky çempion Kalle Rowanpera ýeňiş gazandy. “Toyota Gazoo” toparynyň finlýandiýaly sürüjisi 19 tapgyrdan ybarat 355,92 kilometrlik ýaryşy 3 sagat 36 minut 04 sekuntda tamamlap, möwsümdäki ilkinji, karýerasyndaky 12-nji ýeňşini baýram etdi. Rowanperadan 1 minut 37,8 sekunt yza galan ýaponiýaly topardaşy Takamoto Katsuta 2-nji ýeri eýeledi. “M-Sport” toparynyň fransuz sürüjisi Adrien Furmo 3 sagat 38 minut 29,1 sekuntda ýaryşy tamamlap, 3-nji orna mynasyp boldy.
Sanawyň lideri, “Hyundai Shell Mobis” toparynyň belgiýaly sürüjisi Tierri Noýwill ýaryşy 5-nji orunda tamamlady.
Geçirilen 3 ýaryşdan soň Noýwill 67 utuk bilen 1-nji ornuny saklamagyny dowam edýär. 2-nji ýerdäki britaniýaly Elfin Ewansyň 61 utugy bar. 3 ýaryşyň 2-sinde münbere çykmagy başaran Adrien Furmo 46 utuk bilen 3-nji basgançakda barýar.
Möwsümiň 4-nji ýaryşy 18-21-nji aprelde Horwatiýanyň paýtagty Zagreb şäherinde geçiriler.