Argentinaly meşhur futbolçy Diego Maradonanyň 1986-njy ýyldaky dünýä çempionatynda Angliýanyň ýygyndysynyň derwezesine eli bilen salan we futbol taryhyna «Hudaýyň eli» ady bilen giren şol meşhur «Adidas Azteca» topy ABŞ-da geçirilen auksionda 3,3 million dollara satyldy. «Heritage Auctions» auksion öýi tarapyndan dünýä futbolynyň iň ähmiýetli ýadygärlikleriniň biri hökmünde görkezilen bu topuň bahasy öňünden çaklanylyşy ýaly 10 million dollara ýetmese-de, ol ýene-de täze eýesini tapdy.
Ýatlanyp geçilişi ýaly, taryhy waka 1986-njy ýylyň 22-nji iýunynda dünýä çempionatynyň çärýek final duşuşygyna gabat gelipdi. Şonda Maradona garşydaş toparyň derwezesine topy eli bilen urup, netijede oýnuň emini Aly bin Nasseriň bu goly kellesi bilen urulandyr öýdüp ýalňyşlyk bilen hasaba almagyna sebäp bolupdy. Soňky ýyllarda meşhur futbolçy bu jedelli pursat barada «bir tarapdan ol Maradonanyň kellesi, beýleki tarapdanam Hudaýyň eli bilen girdi» diýip beýan edipdi.
Oýundan soň 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda emin Aly bin Nasseriň ygtyýarynda saklanan bu taryhy ýadygärlik ilkinji gezek 2022-nji ýylda 2,37 million dollara satlyga çykarylyp, satylypdy. Mundan bir ýyl ozal täze eýesi tarapyndan ýene-de auksiona çykarlyp, ýöne alyjylar tarapyndan ýeterlik gyzyklanma bildirilmändigi sebäpli satuw ýatyrylypdy. Häzirki wagtda bolsa ençeme ýyllardan bäri dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekip gelýän bu meşhur futbol harydynyň söwdasy tamalary doly ödemese-de, ýene-de başa bardy we sport äleminde uly seslenme döretdi.
PDF








