Awgust aýynyň dowamynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça birnäçe türgenleşik ýygnanyşyklary geçirildi. Olara ýurdumyzyň tejribeli tälimçileri, dürli ýaş toparlaryndaky türgenler we Mary welaýatynyň öňdebaryjy pälwanlary gatnaşdylar.
1–9-njy awgust aralygynda Türkmenistanyň Sport göreşi federasiýasynyň tälimçisi, şol sanda zenanlaryň erkin göreşi boýunça Türkmenistanyň baş tälimçisi Kakamyrat Myradow 15 türgen bilen Mary şäheriniň 2-nji sport mekdebinde okuw-türgenleşik işlerini geçirdi.
Türgenleşiklere Mary welaýatynyň erkin göreş boýunça baş tälimçisi Gadam Ýazlyýew, halypa tälimçi Öwezgeldi Orazgylyjow, şeýle hem Kuwwatgeldi Orazow, Daýanç Saparow, Ataş Ataşow, Kerim Hojakow, Gadam Hojakow, Myrat Amanow we Muhammet Nurmedow gatnaşdylar. Olar Mary welaýatynyň öňdebaryjy türgenleri bilen bilelikde tejribe alyşdylar.
10–18-nji awgust aralygynda bolsa Gadam Ýazlyýew Mary welaýatynyň öňdebaryjy türgenleri bilen Aşgabat şäherinde geçirilen türgenleşiklere gatnaşdy. Okuw-türgenleşik işleri Olimpiýa şäherçesinde, ussat tälimçi Batyr Orazgylyjowyň zalynda, şeýle hem Köpetdag stadionynyň Zähmet sport zalynda, tälimçi Annamyrat Bekiýewiň ýolbaşçylygynda geçirildi.
Awgust aýynyň 18–21-i aralygynda Türkmenistanyň erkin göreş boýunça 15 ýaşly pälwanlarynyň baş tälimçisi Annamyrat Bekiýew 20 türgen bilen Mary şäheriniň 2-nji sport mekdebine geldi.
Bu ýerde ol Mary welaýatynyň tälimçileri we öňdebaryjy pälwanlary bilen bilelikde türgenleşik duşuşygyny geçirdi. Ýygnanyşykda türgenleriň fiziki taýýarlygyny, göreş usullaryny we ýaryş tejribesini kämilleşdirmäge aýratyn üns berildi.
Awgust aýynda geçirilen bu türgenleşik ýygnanyşyklary ýaş pälwanlaryň ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tälimçileriň arasynda tejribe alyşmaga we geljekki ýaryşlara taýýarlygy güýçlendirmäge gönükdirildi.
PDF








