Marokkoda 2030-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionaty üçin gurulmagy meýilleşdirilýän “Grand Stad de Kasablanka” atly täze stadionyň taslamasy hödürlendi. Bu barada Beýik Britaniýanyň “The Sun” gazeti habar berdi.
115 müň tomaşaça niýetlenen bu stadion Al-Mansuriýa şäherinde gurlar. Bu stadion Marokkanyň Ispaniýa we Portugaliýa bilen bilelikde geçiriljek 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň esasy desgalarynyň biri bolar.
Ýatlap geçsek, futbol boýunça dünýä çempionatyny ilkinji gezek üç yklymda we alty ýurtda geçirilýär. 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatynda oýunlaryň köpüsi Marokkoda, Ispaniýada we Portugaliýada guralar. Üç oýun Günorta Amerikada bolar. Açylyş oýny Urugwaýda guralar, onda ýerli milli ýygyndy toparlar oýnar. Bu Argentinanyň we Paragwaýyň milli ýygyndylarynyň toparçalardaky ilkinji oýunlaryna hem degişli bolup, olar açylyş oýunlaryny öz ýurtlarynda geçirerler.