Dünýäde tehnologiýanyň ösen döwleti hasaplanylýan Hytaýyň “China Mobile” operatory 5,5G görnüşi hasaplanýan “5G-Advanced” ulgamynyň işe başlandygyny habar berdi. Şol bir wagtyň özünde hem “Oppo” ýanwar aýynda çykan “Find X7”, “Find X7 Ultra”-nyň täze aragatnaşyk ölçegine laýyk gelýändigini habar berdi. “Oppo”-nyň baş direktory Pit Lau “Find X7 Ultra”-nyň ekranda 5GA nyşanyny görkezýän suratyny ýerleşdirmegi, enjamyň täze ulgam tarapyndan goldanýandygyny tassyklaýar. “5G Advanced” standarty 10 Gbit/sekunta çenli göçürip almaga we 1 Gbit/sekunt tizlikde maglumat ýüklemäge mümkinçilik berýär. Şu ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň 300 şäherinde täze standartyň işe girizilmegi we ilkinjileriň hatarynda Pekin, Şanhaý we Guançžou şäherleri bolar. 5,5G ulgamy emeli hemra tehnologiýalaryny ulanmagy hem öz içine alýar.
7,499 ýuandan (1036 dollar) satyljak “Find X7 Ultra” smartfonlarynyň 16 GB RAM-y, 1 TB içki ýady bar.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.