Yragyň hökümeti tebigy gaz import etmek boýunça Eýran bilen 5 ýyllyk ylalaşyga gol çekendigi barada mälim etdi.
Yragyň energetika ministrliginiň beýanatyna görä, ýurduň energetika ministri Ziýad Ali Fazil Eýranyň milli gaz kompaniýasy bilen 5 ýyllyk ylalaşyga gol çekdi.
Ylalaşyga laýyklykda, Yrak Eýrandan 5 ýyl möhlet bilen her günde 50 million kub metr gaz satyn alar.
Bu barada Türkiýäniň “Anadolu” agentligi habar berýär.