ABŞ-nyň “Microsoft” we “OpenAI” kompaniýalary tagallalaryny birikdirip, emeli aňly “Stargate” superkompýuterini döretmek üçin 100 milliard dollar maýa goýmakçy. Bu barada amerikan biznes neşiri “The Information” habar berýär.

Superkompýuteriň görlüp-eşidilmedik derejede hasaplaýyş kuwwatyna eýe boljakdygy we maglumatlary gaýtadan işleýän merkezlere eýgertmeýän meseleleri çözmäge mümkinçilik berjekdigi habar berilýär.

Bu superkompýuter “OpenAI”-yň millionlarça ýöriteleşen çipleriniň esasynda işlär. Inženerler ulgamyň işjeňligini ýokarlandyrmak maksady bilen täze ugurlary ösdürerler. Bu taslamany “Microsoft”  maliýeleşdirer. “Stargate” superkompýuteri 2028-nji ýylda işe giriziler.

“OpenAI” kompaniýasy 2015-nji ýylda täjirçilik maksatly bolmadyk barlaghana hökmünde esaslandyrylypdy. Ilon Mask kompaniýanyň esaslandyryjylaryň biri bolsa-da, 2018-nji ýylda ony terk etdi.