1933-nji ýy­lyň 3-nji ap­re­lin­de Ýer ýü­zü­niň iň be­ýik no­ka­dy bo­lan Ewe­rest da­gy­nyň üs­tün­den uçar­da ge­çil­ýär. Bri­tan eks­pe­di­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de iki sa­ny “West­land” uça­ryn­da şot­lan­di­ýa­ly Dug­las Dug­las-Ha­mil­to­nyň hem-de iň­lis De­wid Ma­kIn­taý­ryň ýol­baş­çy­ly­gyn­da, Stýuart Ble­ker hem-de Sid­ney Bon­ne­tiň gö­zeg­çi­lik et­me­gin­de da­gyň üs­tün­den ge­çil­ýär. Bu ba­ra­da­ky baş­lan­gyç has ir – 1918-nji ýyl­da baş­la­ýar. Şol ýy­la çen­li uçar­lar üç müň met­re çen­li be­lent­lik­den uçup bil­ýär­di. 1918-nji ýyl­da iň­lis dag­çy­lyk fi­zio­lo­gy Alek­san­der Kel­las uçar­la­ryň dün­ýä­niň iň be­ýik no­ka­dy bo­lan Ewe­rest da­gyn­dan (8 müň 848 metr) aşyp ge­çip bil­jek­di­gi­ni öňe sür­ýär. Şeý­le hem Kel­las bu baş­lan­gy­jyň da­ga dyr­maş­mak üçin amat­ly ugur­la­ry kes­git­le­mä­ge ýar­dam et­jek­di­gi­ni bel­le­ýär. Şol dö­wür­ler da­gyň be­ýik ge­riş­le­ri­ne dyr­ma­şyl­ma­ýar­dy. Bir­nä­çe ýyl do­wam eden sy­na­ny­şyk­la­ryň ne­ti­je­sin­de bu ar­zuw ama­la aş­ýar. Şeý­le-de bol­sa, hä­zir­ki wagt­da ada­ty ýo­lag­çy uçar­la­ry Ewe­rest da­gy­nyň üs­tün­den geç­me­ýär­ler.