Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň döredilen gününden (1948-nji ýylyň 7-nji apreli) iki ýyldan soň, has takygy 1950-nji ýyldan bäri her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni bellenip geçilýär. Şu ýyl «Meniň saglygym, meniň hukugym» şygary astynda bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli halkara derejesinde birnäçe forumlar, konferensiýalardyr pikir alyşmalar geçirilýär. Soňky ýyllarda howanyň hapalanmagy, dünýädäki umumy maýylganlyk, şäher senagatynyň ösmegi, tehnologiýanyň ösmegi we kosmos barlaglary adam saglygyna köp babatda täsirini ýetirýär.
Adam saglygy ähli zatdan ileri goýulýan mesele bolup, ekologiýa abadançylygyny gazanmak, kesel töwekgelçiligini azaltmak we käbir ýokuşmalaryň öňüni almak babatda birnäçe işler amala aşyrylýar. Her ýyl Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň dykgatyna saglyk bilen bagly teklipler hödürlenilip, täze başlangyçlar öňe sürülýär. Şu ýyl 76 ýyllygy bellenilýän saglyk gününiň çäklerinde ýaşaýjylaryň arasynda wagyz işleri geçirilýär. Ilkinji kömek bermek sapaklary guralyp, ýokanç kesellerden goranmagyň ýollary we usullary barada gürrüňdeşlik işleri geçirilýär.