Fransiýanyň Kubogy ýaryşynda “Lion” 12 ýyldan soň finala çykyp, olar ýarym finalda 2-nji liga wekilçilik edýän “Walansien” toparyny 3-0 hasabynda ýeňdi. “Liona” ýeňiş getiren gollary Lakazett (51 p, 57) hem-de Orban geçirdi. “Lion” finalda PSŽ bilen duşuşar. PSŽ ýarym finalda “Renn” toparyndan Kilian Mbappeniň 40-njy minutdaky ýeke-täk goly bilen üstün çykdy. 9-njy gezek finala çykan “Lion” bilen 20-nji sapar finala çykan PSŽ-niň arasyndaky aýgytlaýjy duşuşyk 25-nji maýda Lill şäherinde geçiriler. Final duşuşygy ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek Parižden başga şäherde oýnalar.