«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ata Watanymyzda toýlar goşalanyp gelýär. Hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň ýurdumyzda bellenilýän şanly seneleriň öň ýanynda halkymyza gowuşmagy ählimizi guwandyrdy, buýsandyrdy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi ata Watanymyzyň şöhratly taryhynyň älem içre belent ykrarnama eýe bolýandygyny görkezýär. Mälim bolşy ýaly, 26-njy martda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çärelere badalga berildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitabynyň bu şanly wakanyň öňüsyrasynda çap edilmegi bagtyýar ildeşlerimiziň toý şatlygyny goşalandyrdy.
Türkmenistan taryhy ýadygärliklere, medeni gymmatlyklara baý ýurtlaryň biri bolmak bilen, türkmenler adamzat siwilizasiýasynyň ösmegine uly goşant goşan halkdyr. Hormatly Prezidentimiziň gadymy Änewiň buýsançly taryhyndan söhbet açýan ajaýyp kitaby hem milli mirasymyzy, geçmiş taryhymyzy giňden öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Bu kitaby ýazmakdan maksadym, türkmen we daşary ýurtly okyjylarymy ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalarynyň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdyr» diýip belleýşi ýaly, bu kitap her birimizi ata Watanymyzyň şöhratly taryhyna buýsandyryp, belent maksatly tutumlara galkyndyrýar. Hormatly Prezidentimiziň üç dilde çap edilen «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby 3 bapdan hem-de 7 bölümden ybarat bolup, ol şöhratly taryhymyzy öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi milli Liderimiziň ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmakda başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Kitabyň üç dilde neşir edilmeginiň daşary ýurtly okyjylar üçin elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Ak bugdaýyň Watany hasaplanýan ajaýyp ülke täze taryhy eýýamda galkynyşy başdan geçirýär. Döwlet Baştutanymyzyň döwran dolanan şäheriň geçmişine bagyşlanan «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze eseri halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bilşimiz ýaly, Änew şäheri irki döwürlerde medeniýetiň ösen ojaklarynyň biri bolupdyr. Alymlaryň geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan gymmatlyklar hem muny doly tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň täze eserinde gadymy şäherdäki taryhy ýadygärlikler, olary öwrenmekde birnäçe ylmy işleri alyp baran alymlar hakynda giňişleýin gürrüň berilýär. Bu bolsa Änew şäheriniň dünýä belli alymlaryň nazaryny özüne jemländigini aňladýar.
Meýlis AKMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.