Angliýanyň “Premier Ligasynda” 31-nji tapgyryň jemleýji duşuşygy ýatdan çykmajak oýunlaryň hataryna goşuldy. “Stamford Bridge” stadionynda “Mançester Ýunaýtedi” kabul eden “Çelsi” soňky minutlarda 2 gol geçirip, taryhy ýeňiş gazandy.

Duşuşyga London şäheriniň wekili entek 20 minut dolmanka, 2-0 öňe saýlandy. Gollary 4-nji minutda Gallaher hem-de 19-njy minutda penaltiden Palmer geçirdi. Ýöne “Mançester Ýunaýted” arakesmeden öň “Çelsiniň” gollaryna jogap bermegi başardy. 5 minutda 2 gol geçiren “Ýunaýted” arakesmeden öň hasaby deňledi. 34-nji minutda Garnaço hem-de 39-njy minutda Bruno Fernandeş tapawutlanyp, hasaby deňlän oýunçylar boldy.

Duşuşygyň 2-nji ýarymyna-da toparlar erjel girişdiler. Oýnuň 67-nji minutynda Antoniniň ajaýyp pasyndan soň Garnaço duşuşykda 2-nji goluny geçirip, myhmanlary 2-0-dan 3-2 öňe çykardy. Şondan soň “Çelsi” hüjümlerini ýygjamlaşdyryp, “Ýunaýted” garşylyklaýyn hüjümler bilen gol geçirmäge synanyşdy. Duşuşygyň ahyryna emin 8 minut goşup, ähli zat “Ýunaýtediň” isleýişi ýaly dowam edýärdi. Ýöne oýna soň goşulan Madueke 90+8-nji minutda jerime meýdançasynda Dalot tarapyndan ýykylýar we emin penalti nokadyny 2-nji gezek görkezýär. VAR tarapyndan hem tassyklanan bu urgyny Palmer 90+10-njy minutda dürs ýerine ýetirip, hasaby deňleýär. Ol 1 minutdan soňam ýeňiş goluny geçirýär. Burçdan ýerine ýetirilen urguda topy dessine alan ýaş futbolçynyň batly urgusy Maktomineýe degip, derwezä girýär. Şunlukda, “Çelsi” taryhy ýeňiş gazansa, “Ýunaýted” agza-burna gelen 3 utugy elden giderýär. “Çelsi” köne bäsdeşini 2017-nji ýylyň 5-nji noýabryndan bäri ilkinji gezek ýeňlişe sezewar edýär (7 deňlik, 5 ýeňliş).