Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy 2024-2025-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlary üçin Hindistanyň medeni gatnaşyklar boýunça geňeşiniň (ICCR) talyp hakyny almak babatda ýüz tutmalaryň başlandygyny habar berýär.
Hindistanyň medeni gatnaşyklar boýunça geňeşiniň talyp haky maksatnamasy türkmen ýaşlaryna Hindistanyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga mümkinçilik döreder.
Hindistanyň ilçihanasy Türkmenistandan gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň Hindistanda ýokary hilli bilim almak mümkinçiliginden peýdalanmaga çagyryp, şeýle hem kesgitlenen döwürde ýüz tutmagy ýatladýar.
Bu talyp haky maksatnamasy üçin ýüz tutmalar 2024-nji ýylyň 4-nji apreli we 31-nji maýy aralygynda göz öňünde tutulandyr.
Has giňişleýin maglumat üçin :http://a2ascholarships.iccr.gov.in salgasyna seredip bilersiňiz.