Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” diňe 3 klub aşaky liga düşmedi. Ilkinji ikisini çaklamak kyn däl – “Real Madrid” bilen Barselona”. 3-nji klub üçin dalaşgärleriň sany az bolman, “Atletiko Madrid” bilen “Walensiýa” klublary ilkinji ýada düşýän toparlardyr. Ýöne bu iki klub hem däl. “La Ligada” aşaky liga düşmedik 3-nji klub “Atletik Bilbao” toparydyr. Bask regionynyň resmi däl milli topary hökmünde görülýän klubda diňe Bask sebitinde dünýä inenler çykyş edip bilýär. Aslynda bu barada klubuň resmi ýazylan düzgüni ýok. Ýöne öňden galan ýörelge bolup, bu ýagdaý häzirem dowam edýär. Ýagny klubda daşary ýurtly

futbolçylar, hatda Ispaniýanyň başga sebitinde dünýä inen oýunçylar hem çykyş edip bilmeýär. Ýöne asly daşary ýurtly bolubam Bask sebitinde dünýä inen futbolçylara bolsa oýnamaga ygtyýar berilýär. Edil Ispaniýanyň Şa Kubogy bäsleşiginiň ýarym finalynda “Atletiko Madridi” ýaryşdan çykaran doganlar Iniaki we Niko Williamslar ýaly.

Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” futbolyň merkezinde 2 şäher bar – Madrid hem-de Barselona. Çempionlyk 2 toparyň arasynda çalşyp durýar. Seýrek hem bolsa Madridiň beýleki topary “Atletiko” kluby hem ara girýär. Çempionatda “Real Madrid” hem-de “Barselonadan” soň iň köp çempionlyk gazanan klub Bilbao şäheriniň “Atletik” toparydyr. 8 gezek “La Ligany” çür depede tamamlan klubuň soňky çempionlygynyň üstünden 40 ýyl geçdi. 1983/84 möwsüminde gazanylan “La Liga” çempionlygynyň üstüni Ispaniýanyň Şa Kubogynyň (Copa del Rey) ýeňşi bilen hem ýetiren “Atletik Bilbao” şol möwsümde ýurduň Super Kubogyny hem gazanypdy. Topar 1983/84 möwsüminde 3 kubok birden gazanyp, taryhy başarnyk görkezipdi. Şondan soň bolsa gyş ukysyna giden “Atletik Bilbao” topary “La Liganyň” çempionlygyny hem-de Ispaniýanyň Şa Kubogynyň ýeňşini ýatdan çykarýar. “Atletik Bilbao” şol möwsümden soň diňe Ispaniýanyň Super Kubogyny 2 gezek – Şa Kubogynyň finalçysy hökmünde gatnaşan Super Kubogy duşuşyklarynda 2015-nji hem-de 2021-nji ýyllarda ýeňiji bolýar.

“Barselonadan” soň 2-nji ýerde barýar

1912-nji ýylda esaslandyrylan klubuň 112 ýyllyk taryhynda esasy ünsi çekýän tarapy başda-da bellenilişi ýaly, toparda diňe Bask sebitinde dünýä inen futbolçylaryň çykyş edýändigidir. Bu ýagdaý klubuň hem güýçli, hem-de gowşak tarapyny emele getirýär. Güýçli tarapy, klubdan zyýada milli topar derejesinde görülmegi, gowşak tarapy bolsa ýyldyz futbolçylaryň klubda oýnap bilmeýändigidir.

“Atletik Bilbao” topary Ispaniýanyň Şa Kubogyny iň köp gazanan 2-nji klub bolup, basklylar 23 gezek kubogy eýeleýär. Bilbaolylar bu ugurda 31 gezek kubogy gazanan “Barselonadan” yza galýar, 20 kubokly “Real Madridden” hem öňe saýlanýar. “Atletik Bilboa” topary şol 23 kubogy 1903–1984-nji ýyllar aralygynda gazanýar. Umumylykda 39 gezek finala çykan “Atletik Bilbao” toparyna 40 ýyldan bäri Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazanmak başardanok. Olar “Barselonadyr” “Real Madridden” soň iň köp finala çykan topardyr. “Atletik Bilbao” 16 gezek finalda utulyp, şolaryň 6-sy 1984-nji ýyldan soň bellige alynýar. Ýagny “Atletik Bilbao” topary kubogy soňky gezek alanyndan soň 6 sapar finalda ýeňilýär.

40-njy final

Başgaça aýdylanda, “Atletik Bilboa” topary hem-de onuň janköýerleri, tutuş şäher, hatda tutuş Bask sebiti şol 40 ýyllyk arzuwyna şu gezek ýetmegiň bosagasynda durlar. Häzirki wagtda çempionatda 31 tapgyr tamamlanyp, sanawyň başyny “Real Madrid” çekip gelýär. 2-nji ýerdäki “Žirona” bilen 3-nji orundaky “Barselonanyň” hem çempionlyk gazanmak mümkinçilikleri bar. Ýöne 5-nji ýerdäki “Atletik Bilbaonyň” matematik görkezmeler boýunça çempion bolmak mümkinçiligi bar hem bolsa, klubuň çempion bolmagyna garaşylanok. 4-nji ýerdäki “Atletiko Madrid” bilen Çempionlar Ligasyna gatnaşmak üçin ýiti göreş alyp barýan klubuň çempionlyk gazanmak mümkinçiligi ýok hem bolsa, topar başga bir 40 ýyllyk arzuwyny diňdirip biler. Bu ugurda Ispaniýanyň Şa Kubogynda ýarym finalda “Atletiko Madridi” 2 ýerde-de ýeňip (1-0, 3-0), finala çykan bilbaolylaryň öňlerindäki ýeke-täk päsgelçilik “Malýorka” toparydyr. Çempionatdaky ýagdaýlaryna, umumylykda toparyň düzümine seredenimizde, ispaniýaly belli hünärmen Erneste Walwerdeniň tälimçiligindäki “Atletik Bilbao” finalyň esasy faworiti hasaplanýar.

4-nji final

Meksikaly Hawier Agirranyň tälim berýän “Malýorka” topary bolsa taryhynda 4-nji gezek Şa Kubogynyň finalyna çykdy. 1991-nji we 1998-nji ýyllarda degişlilikde, “Atletiko” hem-de “Barselonadan” asgyn gelen “Malýorka” 21 ýyl ozalky finalda “Rekreatiwony” 3-0 ýeňip, taryhlaryndaky iň uly başarnyklaryň birini gazanypdylar. Ýagny olar üçin hem şu ýylky Şa Kubogynyň finalynyň ähmiýeti uly bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, “Malýorka” ýarym finalda “Real Sosiedady” 0-0 we 1-1 hasaplar bilen deňlikde tamamlanan 2 duşuşykdan soň penaltileriň netijesinde ýeňlişe sezewar edipdi.

40-njy gezek finala çykyp, 40 ýyldan soň kuboga ymtylýan “Atletik Bilbao” bilen 4-nji sapar finala adyny ýazdyran “Malýorkanyň” arasyndaky bu aýgytlaýjy duşuşyk 6-njy aprelde, şenbe güni, ýagny ertir Sewilýa şäherindäki “La Kartuha” stadionynda oýnalar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlanar. 122-nji gezekki Şa Kubogynyň finalyna Hoze Luis Munuera Montero eminlik eder. Duşuşyk Älem TV hem-de IPTV-de elýeterli bolan “Match TV” teleýaýlymy arkaly janköýerlere ýetiriler.