Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) häzirki başlygy Kristalina Georgiýewa geljek bäş ýyl üçin bu wezipä ýeke-täk dalaşgär boldy. Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) indiki başlyklygyna dalaşgärleri teklip etmek 3-nji aprelde tamamlandy. Bu barada gaznanyň müdirliginiň beýanatynda habar berilýär. Onda HPG-niň başlygy wezipesine häzirki başlyk Kristalina Georgiýewanyň ýeke-täk dalaşgär görkezilendigi bellenilýär. Halkara Pul gaznasynyň ýerine ýetiriji direktorlarynyň geňeşi 70 ýaşly Georgiýewa bilen gürrüňdeşlikden soň, ol eýeleýän wezipesini dowam etdirer.
Bu geňeş Kristalina Georgiýewany 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Halkara Pul Gaznasynyň başlygy wezipesine belläpdi. Şol döwürde bazar ykdysadyýeti ösüp barýan ýurtlaryň taryhynda ilkinji gezek Halkara pul gaznasynyň başlygy wezipesine Georgiýewanyň bellenendigi habar berlipdi. Uly tejribä eýe bolan Georgiýewa Ýewropa Komissiýasynda möhüm wezipelerde işledi. 1953-nji ýylyň 13-nji awgustynda Sofiýada dogulan Kristalina Georgiýewa bolgar ykdysadyýetçisi, durnukly ösüş boýunça bilermen hökmünde giňden tanalýar. Ol 2010-2014-nji ýyllar aralygynda halkara hyzmatdaşlygy boýunça ýewropa komissary, 2014-nji ýylyň noýabryndan 2016-njy ýylyň dekabryna çenli Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň üçünji orunbasary wezipesinde işledi. Ol 2017-nji ýyldan bäri Bütindünýä bankynyň ýerine ýetiriji başlygynyň wezipesini eýeledi.
Ykdysady ylymlaryň doktory Kristalina Georgiýewa Londonyň ykdysady mekdebinde, Massaçusetsiň tehnologik institutynda we Garwardyň biznes mekdebinde sapak berdi. Ol iňlis we rus dillerini suwara bilýär. 189 döwleti öz içine alýan Halkara pul gaznasy öz agzalaryna ykdysady maslahatlary we maliýe ýardamyny berýär.