Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew taryhy Hywa şäherinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Iki ýurduň ýolbaşçylary sebitde howpsuzlygyň üpjün edilmegi, ykdysady hyzmatdaşlyk, söwda, energiýa, ulag we syýahatçylyk ýaly ugurlarda pikir alyşdylar. Şeýle hem demir ýollarynyň peýdalanylyşy hem-de Transowgan geçelgesiniň ösdürilmegi babatda hem ylalaşyk gazanyldy. Gazagystanyň Prezidentiniň dowanynyň berýän maglumatyna görä, Tokaýewi Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew Ürgenç aeroportynda garşy aldy. Soňra bolsa Prezidentleri taryhy Hywa şäherinde gepleşikleri geçirdiler.
Şeýle hem geçirilen gepleşiklerde Merkezi Aziýa döwletleriniň altynjy konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlyk, şeýle-de “C5+1” formatyndaky sammitiň geljegi barada pikir alşyldy. Iki ýurt demir ýol ulgamyndaky hyzmatdaşlygy hem ösdürmägi aýratyn ähmiýet berýär.
Prezident Tokaýew gazak-özbek hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlarda üstünlikli dowam etdirilýändigini kanagatlanma bilen belläp, 2023-nji ýylda ikitaraplaýyn söwdanyň 4,4 milliard dollara ýetendigini, häzirki wagtda senagat, energetika, ulag we logistika, oba hojalyk pudagynda bilelikdäki 60 taslamany durmuşa geçirilendigini aýtdy.