Marafon sportynyň adatdan daşary görnüşi bilen gyzyklanýan 27 ýaşly Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy Rass Kuk dünýäde ilkinji bolup, tutuş Afrika yklymyny ylgap geçdi. Syýahat 352 gün dowam edip, ol 16 müň kilometr aralygy külterledi. Bu barada “Associated Press” agentligi habar berýär.
Iňlis türgeni özüniň howply syýahatyny geçen ýylyň 22-nji aprelinde Afrikanyň iň günorta nokady – Günorta Afrika Respublikasynyň Agulýas burnunda ýerleşýän L’Agullas obasyndan başlap, Tunisde tamamlady. Ol jeňňelliklerdir çöl-beýewanlary kesip geçdi, garaşylmadyk köp kynçylyklara sezewar boldy, ýüze çykan wiza meselelerini çözmeli boldy. Ol ilkibaşda ylgawyny 240 günde geçerin öýdýärdi, ýöne emele gelen ýagdaýlar bellenen wagtyň uzamagyna sebäp boldy.
Syýahatçy 16 ýurtda bolup, gaty ýadandygyny X jemgyýetçilik torunda ýazdy. Esasy maksatdan başga-da, iki haýyr-sahawat guramasyna hemaýat bermek üçin sosial ulgamlar arkaly 870 müň dollar toplap, ýene-de bir ýurda baryp gördi.
Türgen bu syýahatyndan öň Stambuldan Wortinge çenli 68 günde 3 müň kilometr aralygy geçipdi.