Türkiýäniň iň uly şäheri bolan Stambulda elektrik energiýasy bilen işleýän metrobuslar synagdan geçirilip başlandy. Äpet uly awtobus hasaplanýan jemgyýetçilik ulagynyň bu görnüşi dizel ýangyçly beýleki metrobuslara garanyňda energiýany 60 göterime çenli tygşytlymaga mümkinçilik berýär. Uzynlygy 40 metr bolan 420 ýolagçy orunlyk bu ulaglar sessiz bolmagy bilen tapawutlanyp, şäheriň galmagalynyň hem azalmagyna getirer. Elektrik energiýasy bilen işleýändigi sebäpli bolsa howany hapalamaýar. Şäherde metrobuslar üçin ýörite ýollar bolup, elektrikli mertobuslar Beýlikdüzü etrabyndan Kadyköý etrabyna çenli 52 kilometrlik ugurda hereket eder. Bu ýolup ugrunda hereket edýän metrobuslar her günde bir million töweregi ýolagça hyzmat edýär. Ulagyň iki tarapyndan hem sürüji kabinasy bolup, yzyna aýlanmaga zerurlyk duýmaýar.