“Tesla”-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask şu ýylyň 8-nji awgustynda robotaksini tanyşdyrjakdygyny mälim etdi. Işewür birnäçe ýyldan bäri awtonom hereket edýän ulaglary çykarjakdygyny mälim edýärdi. Bu barada ilkinji gezek 2016-njy ýylda habar berlipdi. 2019-njy ýylda bolsa, şeýle ulagyň satuwa çykaryljakdygy mälim edilipdi. Kompaniýa ruly hem-de gaz, duruzyjy pedaly bolmadyk ulagy işläp taýýarlamagy maksat edinýär. Häzriki wagtda dürli kompaniýalar sürüjisiz ulaglary çykaran hem bolsa, häzirlikçe olary bir sürüji dolandyrmaly bolýar. Elektroulag önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjysy hasaplanýan “Tesla” awtonom sürüş tehnologiýasy babatda köp ýyldan bäri işleýär.
Röwşen Meňlimedow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.