ABŞ-nyň Te­has şta­tyn­da «Sam­sung» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gur­jak çip za­wo­dy üçin 6,6 mil­liard dol­lar­lyk gol­daw ber­ler. ABŞ ýurt­da­ky ýa­rym­ge­çi­ri­ji önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­mak üçin hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­la­ra dür­li ýe­ňil­lik­le­ri hö­dür­le­ýär. Ýur­duň Söw­da mi­nistr­li­gi ko­reý kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 2021-nji ýyl­da Te­has­da za­wod gur­jak­dy­gy­ny yg­lan eden­di­gi­ni bel­le­ýär. Tas­la­ma­nyň umu­my ba­ha­sy 17 mil­liard dol­lar bo­lup, onuň çäk­le­rin­de çip önüm­çi­lik za­wod­la­ry, gap­laý­jy des­ga we nou-hau mer­ke­zi­ni öz içi­ne al­ýan iri top­lum­ bo­lar. «Sam­sung» ma­li­ýe gol­da­wy­ny alan­dan soň­ra bu ýurt­da­ky ma­ýa go­ýu­my­nyň möç­be­ri­ni 44 mil­li­ar­d dollara çen­li art­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.
Şeý­le hem mer­ke­zi eda­ra­sy Taý­wan­da ýer­leş­ýän TSMC kom­pa­ni­ýa­sy­na hem ma­li­ýe gol­da­wy ber­ler. Çip önüm­çi­li­gin­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­sy bo­lan TSMC-niň Ari­zo­na­da üç za­wo­dy bo­lup, 5G/6G smart­fon­lar, öz­baş­dak he­re­ket ed­ýän ulag­lar we eme­li aň mer­kez­le­ri üçin ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa çip­le­ri­ni ön­dü­rer.

Ak­so­na GUR­BAN­MY­RA­DO­WA,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.