Atlantik ummanyndaky Tenerife adasy uzak wagtdan bäri dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerdäki tebigatyň gözelligi we ýerleşýän ýeri adany gündelik durmuşyň aladalaryndan dynmak üçin kämil gonalga öwürýär. Şeýle-de bolsa, bu adada dynç alyşda bolanlar wagt hakda ajaýyp duýgulary paýlaşýarlar. Bu ýerde wagt göýä uzaýan ýaly, degre-daşyňy gurşap alýan dünýä nähilidir bir görnüşde doňup galan ýaly duýgulary başdan geçirýärsiň.
Alymlar bu hadysany öwrendiler we munuň özboluşly grawitasion güýjüniň täsiri bilen ýüze çykýandygy barada netijä geldiler. Hut şonuň üçin Tenerifede adamlar öz ömrüniň her minutyndan lezzet alyp, has asuda ýaşaýarlar. Bu ýerde wagt has haýal geçýär, munuň netijesinde ýerli ýaşaýjylar Ispaniýanyň ilatynyň ortaça ömür dowamlylygy bilen deňeşdirilende, birnäçe ýyla çenli ömrüniň dowamlylygyny «ýokarlandyrýarlar».
Wagtyň uzalmagy hadysasynyň tapmaçasyny çözmek dürli çaklamalaryň döremegine sebäp boldy. Käbir alymlar muny adanyň wulkan taýdan işjeň zolakda ýerleşmegi bilen baglanyşykly bolup biler diýip hasaplaýarlar. Şol sebäpli sebitde wagtyň tebigy akymynyň bozulmagyna sebäp bolýan geomagnit duralgalar emele gelýär. Beýlekiler munuň daşarky güýçleriň täsiri sebäpli bolup biljekdigini çaklaýarlar.
Şeýle-de bolsa, fiziki hadysa şübhelenýänler hem bar, olar muny diňe amatly howa, gowy ekologiýa we oňyn hoşallyk duýgusy bilen düşündirýärler. Olaryň pikiriçe, bularyň hemmesi adalylary bagtly edýär we ömürlerine ömür goşýar.
Dawut AŞYRGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.