Ýewropa Bileleşiginde welosiped pudagyny ösdürmäge gönükdirilen welotransport barada Jarnama kabul edildi. Şeýle karar Ýewropa Bileleşiginde awtoulaglaryň sanyny azaldyp, ekologiýa taýdan arassa ulag serişdelerini ösdürmek ugrunda nobatdaky ädimdir. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň resmi saýtynda habar berilýär. Jarnamada welosiped Ýewropa Bileleşiginiň ykdysadyýeti üçin möhüm ähmiýeti bolan ekologiýa taýdan arassa, elýeterli we arzan ulag serişdesi hökmünde ykrar edilýär.
-Biz welosipediň köp sanly artykmaçlyklarynyň bardygyny ykrar edýäris. Ulag serişdesiniň bu görnüşi daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni alyp, şäher dyknyşyklaryny azaldýar we sagdyn durmuş ýörelgelerine sebäp bolýar. Mundan başga-da, welosiped Ýewropa senagatynyň düýp özenidir – diýip, ulag meseleleri boýunça ýewrokomissar Adina Welýan belledi.
Jarnamada welosipediň sosial inklýuziwlige ýardam edýändigi, şeýle-de adamlaryň fiziki we ruhy saglygyny gowulandyrýandygy bellenilýär. Şeýle-de, Ýewropa Bileleşiginde welosiped bilen beýleki ulag serişdeleriniň arasyndaky sazlaşykly hereketi gowulandyrmak meýilleşdirilýär. Hususan-da, awtobuslarda we otlularda has köp welosipedleri daşamaga mümkinçilik bermek, şeýle-de welosipedler üçin ygtybarly duralga zolaklaryny, elektrowelosipedler üçin bolsa, zarýad beriş nokatlaryna elýeterliligi üpjün etmek göz öňünde tutulýar.
Jarnamada welosiped ulagynyň ösdürilmeginiň Ýewropa Bileleşiginde daşky gurşawy goramakda öňde goýlan maksatlara ýetmäge kömek etjekdigi bellenilýär. Ýatlap geçsek, Ýewropa ýurtlary 2030-njy ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly gazlary 55 göterim azaltmaga borçlandyrylyp, 2050-nji ýyla çenli klimat bitaraplygyny gazanmaga tagalla edýärler.