1895-nji ýylyň 13-nji aprelinde Pompeide geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gymmatly hazynanyň üstünden baryldy. Bu ýerden ýüze çykarylan ajaýyp bilezikler, ýüzükler, altyn zynjyrlar, pyýalalar, 108 predmetden ybarat kümüşden ýasalan çemçeler, nepis tabaklar we beýleki zynatly zatlar taryhçylary haýran galdyrdy. Ajaýyp numizmatik gymmaty bolan müňden gowrak altyn şaýylyklar bolsa, edil ýaňy zikgelenen ýaly ýalpyldawukdy. Ýasalyş ussatlygy haýran galdyrýan bu hazyna häzirki wagtda Fransiýanyň Luwr muzeýinde saklanýar.