Germaniýanyň Kansleri 14-16-njy aprel aralygynda Hytaýda saparda boldy. Saparyň çäklerinde Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Germaniýanyň Kansleri Olaf Şolsy kabul etdi.
Iki ýurduň ýolbaşçylary 16-njy aprelde Pekindäki Dýaoýutaý döwlet kabulhanasynda duşuşdylar. Şols saparynyň dowamynda Çunçin we Şanhaý şäherlerine baryp gördi. HHR-iň paýtagtynda Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýan bilen hem gepleşik geçirdi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny we halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şolsuň ýanynda Germaniýanyň daşky gurşaw, oba hojalygy we ulag ministrleri, şeýle-de “Siemens”, BMW we “Mersedes-Benz” ýaly Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri bar.
Germaniýanyň Kansleri soňky gezek Hytaýa 2022-nji ýylyň güýzünde barypdy. German hökümetiniň maglumatlaryna görä, häzirki saparyň esasy maksady ykdysady gatnaşyklardan başga-da geosyýasy meseleler we durnukly ösüş strategiýalaryny öz içine alýar.