UEFA Çempionlar Ligasynda çärýek finalyň 1-nji duşuşyklarynda ýeňiş gazanan ispan klublarynyň 2-si hem jogap oýunlarynda ýeňlişe sezewar bolup, ýaryş bilen hoşlaşdylar.

Parižden 3-2 hasabynda ýeňiş bilen dolanan “Barselona” üçin aslynda hemme zat şowly ýagdaýda dowam edýärdi. Oýnuň 12-nji minutynda 2 duşuşygy hasaba alanyňda, Rafinýan parižlileriň derwezesinden 3-nji goluny geçirip (“Barselonany” UÇL-däki 600-nji goly diýlip hasaba alyndy), umumy hasapda 4-2 öňe hem saýlandy. Ýöne oýnuň 29-njy minutynda Barkolany jerime meýdançasynyň alkymynda eli bilen güýçli bolmadyk ýagdaýda iteklän Ronald Arauho eden bu etmişi üçin rumyniýaly emin Istwan Kowaç gönümel gyzyl kart görkezdi. 1 oýunçy az oýnamak “Barselona” bolsaňam ýeňil düşmeýär. Bu şeýle-de bolýar. Üstesine-de “Pari Sen-Žermen” ýaly hüjüm güýji ýokary topara garşy. 1-nji ýarym tamamlanmanka “Barselonanyň” ozalky futbolçysy, 1-nji oýunda-da tapawutlanan Usman Dembele köne toparynyň derwezesinden 2-nji duşuşygynda 2-nji goluny geçirip, hasaby deňledi. 2-nji ýarymyň başynda edil Pariždäki ýaly 54-nji minutda Witinýa ýene-de tapawutlanyp, PSŽ-ni bu oýunda-da 2-1 hasabynda öňe saýlady. Duşuşygyň 61-nji minutynda emin PSŽ-niň peýdasyna penalti urgusyny belledi. 1-nji oýnuň iň şowsuz futbolçysy Kilian Mbappe hasaby 3-1-e ýetirdi. Ol 89-njy minutda oýna soňky nokady goýup, katalonlaryň derwezesinden 4-nji goly hem geçirdi we 1-nji oýundaky şowsuzlygynyň öwezini jogap duşuşygynda 2 gol bilen dolmagy başardy. PSŽ topary “Barselonany” bassyr 2-nji gezek myhmançylykda 4-1 hasap bilen ýeňip, ýarym finala çykdy. Soňky 5 ýylda 3-nji gezek adyny iň gowy 4 toparyň hataryna goşmagy başaran PSŽ 4-nji gezek ýarym finalda oýnar.

Duşuşykdan soň oýnuň dowamynda gyzyl kart alan “Barselonanyň” tälimçisi Hawi Hernandes eminden nägiledigini, Arauho berlen gyzyl kartyň  takyk däldigini beýan etdi. Ol ýeňijini eminiň kesgitländigini, bir möwsümiň azabyny eminiň puja çykarandygy üçin gynanýandygyny we gaharynyň gelýändigini hem aýtdy.