UEFA Çempionlar Ligasynda çärýek finalyň 1-nji oýnunda Madridde 3-3 hasabynda deňme-deň oýnan “Real” bilen “Mançester Sitiniň” arasyndaky jogap duşuşygy hemmäniň üns merkezinde boldy. Soňky 2 ýaryşyň çempionynyň arasyndaky duşuşykda ýeňiş gazanmak nobaty “Real Madridde” bolup, olar geçen möwsümde iňlis klubundan utulypdy, ondan öňki möwsümde-de garşydaşyny ýeňipdi. “Etihad” stadionynda geçen oýnuň 12-nji minutynda garşylyklaýyn hüjümiň netijesinde Winisius Junioryň pasyndan soň Rodrigo hasaby açdy. Pepiň şägirtlerine bu gola jogap bermek ýeňil düşmedi. Derwezäniň sütünlerini ýa-da toparyň ukrainaly derwezeçisi Andreý Lunini geçmek olara juda kyn boldy. Holannyň, Bernardo Silwanyň, Grilişiň, De Bruýneniň örän amatly pursatlarda uran urgulary derwezä girmedi. Duşuşygyň 2-nji ýarymynda hüjümiň depginini hasam güýçlendiren “Mançester Siti” garaşylýan goly 76-njy minutda geçirmegi başardy. Rüdigeriň uzaklaşdyryp bilmedik topuny batly uran De Bruýne hasaby deňledi. Netijede, duşuşygyň esasy wagty deňlikde tamamlandy. 15 minutlyk 2 goşmaça wagtda-da “Sitiniň” hüjümleri köp bolsa-da, hasap üýtgemedi. Netijede, penalti urgulary ýeňijini kesgitlemeli boldy. “Real Madridde” diňe Luka Modriç, “Mançester Sitide” bolsa Bernardo Silwa bilen Mateo Kowaçiçiň urgularyny derwezeçiler saklady. “Realda” Bellingam, Waskes, Naço hem-de Rüdiger, Sitide bolsa Alwares, Foden we Edersonyň urgulary takyk boldy. Netijde, 4-3 üstün çykan “Real Madrid” ýarym finala adyny ýazdyrdy. Bassyr 4-nji, umumylykda 17-nji gezek ýarym finala çykyp, bu görkeziji boýunça öz rekordyny täzeledi. “Real Madrid” topary soňky 12 çärýek finalynda-da garşydaşlaryndan üstün çykyp, ýarym finalçy boldy. “Real Madriddäki” 60-njy Çempionlar Ligasy duşuşygyny geçiren Karlo Ançelotti bu ýaryşda 10-njy gezek ýarym finala çykyp, Guardiola bilen deňleşdi. UEFA Çempionlar Ligasynda çärýek finalda 19 ýyldan soň ilkinji gezek ýeňijini penalti urgulary kesgitledi. Soňky gezek 2004/05 möwsüminde PSW topary “Liony” penaltileriň netijesinde utupdy. “Mançester Siti” toparynyň çempionlygyny goramak mümkinçiligi galman, häzirlikçe diňe “Real Madrid” 2 gezek çempionlygyny saklamagyň hötdesinden geldi.