Dünýäniň iň uly klub ýaryşy hasaplanýan UEFA Çempionlar Ligasynda ýene bir ýola ýatdan çykmajak ýarym final duşuşyklaryň biri hasaba alyndy. Jogap oýnundan 6 gün öň Barselonada hem taryhy duşuşyk bolup, toparlar 3-3 hasabynda deňme-deň oýnapdy.

Bir tarapda kubogy soňky gezek alanyna 15, beýleki tarapda-da 10 ýyl bolan iki klub, ýagny “Inter” bilen “Barselona”. Jogap duşuşygynyň hem taryhy oýunlaryň biri boljakdygy 1-nji oýundan hem bellidi. Duşuşyk “Barselonanyň gysyşy bilen başlan hem bolsa hasaby açan “Inter” topary boldy. 21-nji minutda Lautara Martines 1-nji oýnuň gahrymany Denzel Dumfrisiň asistinden soň şu möwsümdäki 9-njy goluny geçirdi. Ol “Interiň” bir möwsümde UÇL-de iň köp gol geçiren 2 futbolçysynyň biri boldy (beýlekisi Hernan Krespo). Duşuşygyň ahyrlarynda emin VAR-yň duýdurmagy bilen “Interiň” peýdasyna penalti urgusyny belledi. Ony-da Hakan Çalhanoglu dürs urup, hasaby 2-0-a ýetirdi.

Ýöne 2-nji ýarymda meýdança başga “Barselona” çykdy. Oýnuň jylawyny ele alan katalonlar 6 minutda 2 gol geçirip, hasaby deňledi. Duşuşygyň başyndan bäri Ýamalyň tarapyndan, ýagny sag tarapdan hüjüm amala aşyran “Barselona” bu gezek çepden synanyşdy. 54-nji minutda goragçy Erik Garsiýanyň owadan urgusy bilen aratapawut 1 gola düşdi. Oýnuň 60-njy minutynda bolsa Dani Olmo hasaby deňledi. Şondan soň katalonlar birnäçe howply pursatlary döretselerem, olara derwezeçi Ýann Sommeri geçmek başartmady. Duşuşygyň 87-nji minutynda Rafinýa “Barselonany” bu duşuşykda ilkinji gezek öňe geçirdi. Onuň 1-nji urgusyny derwezeçi sowsa-da, gaýtargysyny şweýsariýaly derwezeçi saklap bilmedi. Duşuşygyň ahyryna polşaly emin Şimon Marçiniak 5 minut goşup, 90+3-nji minutda ýene-de Dumfrisiň asist etmeginde goragçy Françesko Açerbi hasaby deňledi. Bu 37 ýaşyndaky oýunçynyň UEFA-nyň klub ýaryşlaryndaky ilkinji goludyr. Netijede, jogap oýnunda-da 1-nji duşuşygyň hasaby gaýtalandy (3-3).

Ýeňijini kesgitlemek üçin goşmaça 30 minut berildi. Duşuşygyň 99-njy minutynda oýna soň goşulan Dawide Frattesiniň goly bilen “Inter” öňe saýlandy. Galan minutlarda-da “Barselona” hasaby deňlejek bolup jan etse-de, bu olara başartmady. Oýnuň 114-nji minutynda Ýamalyň owadan urgusyny ýene-de Sommer saklady.

Şunlukda, 13 goluň geçirilen 2 duşuşygyndan soň, “Inter” 7-6 öňe saýlanyp, soňky 3 ýylda 2-nji, umumylykda-da 7-nji gezek finala çykdy (1964, 1965, 1967, 1972, 2010, 2023, 2025).

“Inter” bilen “Barselonanyň” arasyndaky 2 duşuşykda jemi 13 gol geçirilip, bu ugurda rekord gaýtalandy. Mundan öň 2 gezek – 2008/09 möwsüminde 1/8 finalda “Bawariýa” bilen “Sportingiň” (5-0, 7-1) arasyndaky oýunlarda hem-de 2017/18 möwsüminde ýarym finalda “Liwerpul” bilen “Romanyň” (5-2, 2-4) arasyndaky duşuşyklarda 13 gol hasaba alnypdy.

Dumfris ýarym finalyň 2 duşuşygynda 2 gol geçirip, 3 asist etdi. Ol ýarym final oýunlarynda 2 gol we 2 asist eden 4-nji futbolçy bolup, ondan öň Alessandro Del Piero (1998) hem-de “Liwerpulyň” ýyldyzlary Mohamed Salah bilen Roberto Firmino (2018) şeýle statistka görkezipdi.

Rafinýa şu möwsümde 13 oýunda 13 gol geçirdi. Onuň 8 asisti hem bolup, ol gola gönümel goşant etmekde Kristiano Ronaldonyň 2014/15 möwsüminde goýan rekordyny gaýtalady (17 gol, 4 asist).

Duşuşykda 7 sany howply pursatda derwezesini goldan goran “Interiň” derwezesiçisi Ýann Sommer oýnuň gahrymany saýlandy. Ol 1-nji duşuşykda-da 7 seýw bilen çykyş edipdi.

31-nji maýda Germaniýanyň Münhen şäherindäki “Allianz Arenada” oýnaljak finalda “Inter” topary ýa PSŽ ýa-da “Arsenal” bilen duşuşar.