Geçen hepdäniň sişenbe güni Londondan ýeňiş bilen dolanan “Pari Sen-Žermen” topary üçin öz meýdançasyndaky duşuşygyň ýeňil geçmejekdigi bellidi. Duşuşyk “Arsenalyň” yzygiderli hüjümleri bilen başlandy. Ýöne parižlileriň italýan derwezeçisi Janluiji Donnarummany geçmek iňlis klubunyň oýunçylaryna başartmady. Aýratynam Martinelliniň, Edegoryň urgularynda italiýaly derwezeçi öz ussatlygyny görkezdi. Duşuşygyň 17-nji minutynda garşylyklaýyn hüjümde ýer eýelerinden Hwiça Kwarasheliýanyň urgusy sütünden yzyna gaýtdy. Kem-kemden oýna şärik bolup başlan PSŽ 27-nji minutda Fabian Ruiziň ajaýyp goly bilen öňe saýlandy. Duşuşygyň 1-nji ýarymy şol hasap bilen tamamlandy.

2-nji ýarymda, oýnuň 64-nji minutynda Bukaýo Sakanyň owadan urgusyny Donnarumma kynlyk bilen sowdy. Bu pursatdan 5 minut soň germaniýaly emin Feliks Zwaýer VAR-yň duýduryşy bilen PSŽ-niň peýdasyna 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Ýöne Witinýanyň gowşak ýerine ýetiren urgusyny derwezeçi Dawid Raýýa saklamagy başardy. Emma parižliler barybir 2-nji goly geçirmegiň hötdesinden geldi. Toparyna 11 metrlik jerime urgusyny gazandyran sag gyraky goragçy Aşraf Hakimi 72-nji minutda tapawutlanyp, hasaby 2-0-a ýetirdi. Bu goldan 4 minut soň Bukaýo Saka aratapawudy 1 gola düşürip, londonlylar az-owlak umytlandyrsa-da, galan minutlarda hasap üýtgemedi.

Şunlukda, bu oýunda 2-1, umumy hasapda-da 3-1 öňe saýlanan PSŽ taryhynda 2-nji gezek Çempionlar Ligasynyň finalyna çykdy. Parižliler ilkinji finalynda 2020-nji ýylda “Bawariýadan” 1-0 hasabynda asgyn gelipdi. PSŽ bu ýaryşda 2 gezek finala çykan 3-nji fransuz kluby hökmünde hasaba alyndy.

31-nji maýda Germaniýanyň Münhen şäherindäki “Allianz Arenada” oýnaljak finalda PSŽ topary “Inter” bilen duşuşar.