“Bawariýa” topary öz meýdançasynda “Arsenal” bilen duşuşdy. 1-nji oýun deňlikde tamamlanypdy (2-2). Münhendäki duşuşykda “Arsenal” erjel oýun görkezse-de, olara Manuel Noýeri geçmek başartmady. Duşuşygyň 63-nji minutynda Rafael Gerreýronyň pasynda topy kellesi bilen batly uran Ýozua Kimmih hasaby açdy. Bu duşuşykdaky ýeke-täk gol bolup, “Bawariýa” 4 ýyldan soň 13-nji gezek ýarym finala adyny ýazdyrdy. Münhenliler bu görkeziji boýunda “Real Madridden” soň 2-nji ýeri eýeleýärler. “Arsenaly” 5-nji gezek pleý-off tapgyrynda ýaryşdan çykaran “Bawariýanyň” tälimçisi Tomas Tuhel soňky 5 ýylda 3-nji gezek 3 dürli klub (PSŽ, “Çelsi”) bilen ýarym finalda çykyş eder. “Bawariýanyň” derwezeçisi Manuel Noýer 58 duşuşykda derwezesini goldan gorap, bu ugurda Iker Kasilýasyň rekordyny täzeledi.

Ýarym finalda “Bawariýa” bilen “Real Madrid”, “Borussiýa Dortmund” bilenem PSŽ toparlary duşuşarlar. 1-nji duşuşyklar degişlilikde, 30-njy aprelde Münhende hem-de Dortmundda 1-nji maýda geçiriler. Jogap oýunlary bolsa 7-nji maýda Parižde hem-de 8-nji maýda Madridde oýnalar. Ýeňiş gazanan toparlar 1-nji iýunda “Wembley”-de geçiriljek finalda duşuşarlar.