Şu ýylyň 30-njy oktýabrynda Bakunyň halkara deňiz söwda portunda guralan açylyş dabarasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Bakytžan Sagintaýew, Gruziýanyň Premýer-ministri Georgiý Kwirikaşwili, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow, şeýle hem Täjigistanyň hem-de Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
Açylyş dabarasynda ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylary söz sözlediler. Ilki bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine söz berildi. Ol öz çykyşynda bu taslamanyň taryhy ähmiýetiniň hem-de strategik derejesiniň ýokarydygyny belläp, onuň umumy uzynlygynyň 850 kilometre barabardygyny, 504 kilometriniň Azerbaýjanyň çäginden geçýändigini belledi. “Baku-Tbilisi-Kars” polat ýoly Ýewropany Aziýa birleşdirýän iň gysga hem-de ygtybarly ýoldur. Bu ýol arkaly ilkinji tapgyrda 5 million tonna, soňky tapgyrlarda bolsa, 17 million tonna ýüküň daşalmagy göz öňünde tutulýar. Bir söz bilen aýdylanda “Baku-Tbilisi-Kars” demir ýoly Ýewropanyň ulag düzüminiň esasy böleginiň birine öwrüler. Bu taslamanyň esasynda sebitdäki ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklary has-da berkidiler. Bu polat ýolundan işjeň peýdalanylmagyň hasabyna syýahatçylyk pudagy ösdüriler, jahankeşdeleriň sany artar – diýip, Azerbaýjanyň Prezidenti belledi.
“Baku-Tbilisi-Kars” demir ýoly söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly itergi berer. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly ylalaşyga Gruziýada gol çekilipdi. Şondan soňra Türkiýede polat ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Azerbaýjan Respublikasynda bolsa, bu taslama ulanylmaga berildi. Bu ýoluň gurluşygy Azerbaýjanyň, Gruziýanyň hem-de Türkiýäniň dost-doganlygynyň netijesinde durmuşa geçirildi.
Bu üç ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklar diňe ulag ulgamy bilen çäklendirilmän, eýsem, nebit-gaz pudagynda-da netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. 2006-njy ýylda Türkiýäniň Jeýhan şäherinde “Baku-Tbilisi-Jeýhan” nebit geçirijisi ulanmaga berlipdi. Bu nebit geçirijisi Hazar deňzi bilen Ortaýer deňzini birleşdirýän iri infrastruktura taslamasydyr. Häzirki wagtda bu turba geçiriji arkaly Hazar sebitiniň nebiti dünýä bazaryna çykarylýar. Bir ýyldan soňra – 2007-nji ýylda “Baku-Tbilisi-Erzurum” turba geçirijisi guruldy. 10 ýyldan bäri üstünlikli hereket edýän bu turba geçirijisi Azerbaýjanyň, Türkiýäniň hem-de Gruziýanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge goşant goşýar. Mundan başga-da, üç ýurduň arasynda elektrik geçirijiler hem guruldy. Şeýle hem, Ýewropanyň dünýä möçberindäki iri taslamalarynyň biri hasaplanýan Günorta gaz geçelgesi taslamasy Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň hem-de beýleki ýurtlaryň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýär. Günorta gaz geçelgesi 4 bölekden ybarat. “Şahdeniz-2” taslamasynyň 98 göterimi amala aşyryldy. “Günorta-Kawkaz” turba geçirijisiniň 99 göterimi ýerine ýetirildi. Günorta gaz geçelgesiniň esasy bölegini emele getirýän TANAP taslamasynyň 84 göterimi durmuşa geçirildi.
“Baku-Tbilisi-Kars” demir ýoly taslamasyna Merkezi Aziýa ýurtlary hem uly gyzyklanma bildirýärler. Muňa bu ýurtlaryň wekilçilikli toparlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaklary hem aýdyň şaýatlyk edýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda-da Demirgazyk-Günorta üstaşyr ulag geçelgesiniň üstünlikli amala aşyrylmagy babatynda iri ulag taslamalary durmuşa geçirilýär. Olaryň hatarynda “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” transmilli demir ýoluny, Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesini görkezmek bolar.
“Baku-Tbilisi-Kars” polat ýoly taryhy Ýüpek ýolunyň belli bir böleginiň täzeden dikeldilmegine ýardam edýär. Mundan Hytaýyň, Merkezi Aziýanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň we Ýewropa ýurtlarynyň netijeli peýdalanmagyna garaşylýar.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti dabarada eden çykyşynda bu ugur arkaly ilkinji gatnawy ýola goýup, London bilen Pekini birleşdirýändiklerini mälim etdi. Ol bu demir ýol arkaly 1 million ýolagça hyzmat edip, 6,5 million tonna ýük daşamagy göz öňünde tutýandyklaryny belledi. 2034-nji ýylda bu görkezijileriň 3 million ýolagça, gatnadyljak ýükleriň möçberiniň bolsa, 17 million tonna çykaryljakdygyny aýtdy. Ol hem öz gezeginde ýük gatnawlarynyň çykdajylaryny azaldar. Türkiýäniň Prezidentiniň bellemegine görä, Hytaýdan Ýewropa iberilýän ýükleriň möçberi 240 million tonnadan gowrakdyr. Ýükleriň 10 göterimi “Baku-Tbilisi-Kars” polat ýoly arkaly gatnadylan ýagdaýynda goşmaça 24 million tonna ýük gatnatmaga mümkinçilik dörär. Şonuň üçin bu ýol sebit üçin diňe ykdysady babatda girdeji getirmän, eýsem, syýasy babatda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrar, durmuş babatda bolsa, bolelin ýaşaýşy üpjün eder.
Dabaranyň çäklerinde taslama bilen baglanyşykly gysgaça wideofilm görkezildi. Soňra döwlet we hökümet Baştutanlary demir ýoluň boltlaryny simwoliki ýagdaýda towlap, dabaraly ýagdaýda ulanmaga berdiler. Şeýlelikde, “Baku-Tbilisi-Kars” polat ýoly arkaly ilkinji ýük gatnawy ugradyldy.
850 kilometrlik polat ýolunyň 504 kilometri Azerbaýjanyň, 263 kilometri Gruziýanyň, 79 kilometri Türkiýäniň çäginden geçýär. Bu ugur arkaly ýük gatnawlarynyň ýyl-ýyldan köpelmegine garaşylýar. Bu polat ýoly arkaly bir günde Karsa, 2,5 gije-gündiziň dowamynda Stambula baryp bolar. Ol hem sebitde syýahatçylyk pudagynyň ösüşine saldamly goşant goşar.
“Baku-Tbilisi-Kars” polat ýoly ulanmaga berildi
2007-nji ýylyň fewral aýynda düýbi tutulan we sebitiň iri hem-de halkara derejesindäki maýa goýum taslamalarynyň hatarynda görkezilen “Baku (Azerbaýjan) – Tbilisi (Gruziýa) – Kars (Türkiýe)” demir ýoly ulanmaga berildi.