«Ylym – yhlas» ýaly pentleri, ymgyr manyly pähimleri bize miras goýan ata-babalarymyz müň keren mamla. Hakykatdan hem, yhlas bilen başyna barlan işiň ilerläp, ylym üçin ekilen nahalyň boý alýandygy hemmä äşgär. Ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly-bilimli, kemally ýaşlar bolup ýetişmekleri iň derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Muny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlaryna bagyşlap döreden «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň adyndan hem magat bilmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz özüniň ilkinji kitabyny türkmen ýaşlaryna bagyşlap döretmek bilen, ýaşlarymyzyň bagtyýar Diýarymyzyň daýanjydygyny bütin dünýä äşgär etdi. Bu türkmen ýaşlaryny begendirip, ylma-bilime bolan höwesimizi, yhlasymyzy has-da artdyrdy. Häzirki wagtda bu gymmatly eser türkmen talyp ýaşlarynyň iň ýakyn gollanmasyna öwrüldi. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp, 27-nji dekabrda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň öňüsyrasynda «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabyny halkymyza sowgat etdi. Şonda Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu kitabynyň ilkinji sanyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza sowgat hökmünde iberýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň bu kitaby eziz Diýarymyzda ýaş nesillere goýulýan çäksiz hormat-sarpanyň, türkmen ýaşlarynyň ýagty ertirlerimiziň daýanjydygyna bolan ynamyň, söýginiň, buýsanjyň nobatdaky subudyna öwrüldi.
Bilşimiz ýaly, 23-nji martda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar beripdi. Hormatly Prezidentimiziň «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan hem-de «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar – Bagabat – Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölümlerden ybarat bolan bu kitaby «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyz üçin iň gymmatly serpaýdyr.
Ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup kemala gelmekleri ugrunda uly tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň janlarynyň sag, başlarynyň dik, ömürleriniň uzak bolmagyny, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris!
Merjen ATAHANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.