Bagtyýar zamanamyzyň zehinli ýaşlaryny synlap, bu dürdäne pähimi aýtdygyňça aýdasyň gelýär. Çünki «Bilim bilen hikmet – altyndan gymmat» diýýän pederlerimiziň öwüt-pentleriniň amal bolup, ýaşaýşymyza ýalkymly şuglasyny saçýan zamanasynda ýaşaýarys. Ýurdumyzda Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ylym-bilimi ösdürmäge, zehinli ýaşlary ýüze çykaryp, dünýä derejesinde pikirlenmäge ukyply ýaşlary kemala getirmäge örän uly üns berilýär.
Ylym-bilim öwrenip, hünärli bolmagy, halal zähmet çekip, haýyrly ýaşamagy ündän pähimdar atamyz Magtymguly Pyragy bu babatda:
«…Ýigidiň abraýy ýagşy zagyfdyr,
Ýagşy zagyf näkes äre haýypdyr,
Ýigide gallaçlyk külli aýypdyr,
Her ýan gezer, bilmez eder işini »
diýip jaýdar belläpdir. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň aladalary netijesinde, türkmen ýaşlarynyň halan hünärinden ýokary bilim almagy, daşary ýurt dillerini öwrenmegi, ösen dünýägaraýyşly, giň düşünjeli nesil dowamatlary bolup kemala gelmekleri ugrunda umumadamzat bähbitli işler amal edilýär.
«Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni bolsa täsirli, toýly-baýramly wakalara beslenip, dowam edip dur. Biz – türkmen ýaşlary akyldar şahyrymyzyň pähimlerine eýerip, dil öwrenmäge, yhlas bilen okamaga we bilim tejribämizi baýlaşdyrmaga yhlasymyzy gaýgyrmarys. Geljekde ykbalymyzy baglan hünärimizi düýpli öwrenip, Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraýyny Arşa galdyrmagy öňümizdäki baş maksadymyz edýäris.
Ýaşlaryň dünýä derejesinde ýokary bilim almagy, dünýä dillerini suwara öwrenip, parahat Diýarda zähmet çekmekleri we bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin uly aladalar edýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize saglyk, uzak ömür we bagtyýarlyk arzuw edýäris.

Enejan EREŞOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.