Pasyllaryň soltany altyn güýzde ykbalyny ene topraga baglap, daýhançylyk işleri bilen meşgullanýan daýhanlaryň aladasy görnetin artýar. Pagta ýygym möwsüminiň gyzgalaňy, gök we bakja ekinleri ýygnamagyň möhletiniň gelmegi, güýzlük bugdaý ekişine girişilmegi ýaly tutanýerli zähmeti talap edýän hysyrdyly işler daýhanlary doly gurşap alýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda oba hojalyk işgärleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler, daýhanlaryň ene ýerden bol hasyl almagy babatda amala aşyrylýan özgertmeler daýhanlary bu işlere yhlasly ýapyşyp, halal zähmetiniň hözirini görmäge ruhlandyrýar.
Türkmen topragy azap zähmetini sarp eden daýhan üçin – hazynaly hum. Çogly güneşimiziň nury, tagamly suwumyzyň ýardamy, howamyzyň ýakymlylygy ýurdumyzyň meýdanlarynda bol hasylyň ýetişmegini şertlendirýär. Şonuň üçin sahawatly türkmen topragy arpa, bugdaý, pagta, gawun-garpyz, üzüm, sogan, pomidor, hyýar, alma, armyt, injir, ülje, igde, hurma… mahlasy ähli ekinleriň iň datly görnüşleriniň bitýän topragy hökmünde tanalýar. Şonuň üçin sahawatly Diýarymyzyň ähli künjeginde täze ekiş işleri başlanyp, ýere tohum sepilende, orak orlup hasyl ýygnalanda “Biziň elimiz däl, babadaýhanyň eli” diýlip, başlanýan daýhan işleriniň rehneti egsilmez häsiýete eýe bolup gelýär. Bu gök we bakja ekinlerini ekmek hem-de ýygnamak işleri babatynda hem şeýle düzgüne eýe. Babadaýhan ene ýeriň göwsüne çigit oklanda ýagşy dileg-arzuwlary edýär. Bu işde kişi zähmetini hormatlamak, birek-birege hemaýat etmek, halal zähmete sarpa goýmak hem durmuş dessuryna öwrülipdir. Şu jähetden “Biriň müň bolsun”, “Tohumyň müňlesin” diýmek ynsanperwerlikden nyşan hasap edilipdir.
Professor Myrat Penjiýewiň, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, alym Allamyrat Esenowyň ylmy işlerinde nygtalyşy ýaly, birnäçe däp-dessurlar köp ýyllaryň geçmegi bilen özboluşly agrotehniki düzgünlere öwrülipdir. Muňa ylymda halkyň ekerançylyk tejribesi diýilýär. Mysal üçin, däneli ekinler ekilip, tohum sepilende bir garyş ýere düşýän tohumyň sanynyň bäşden köp bolmaly däldigi, gowaçanyň gämik arasyna kätmen, jöweniň düýp arasyna bolsa, düýe sygmalydygy, atanaklaýyn hem agdarylman sürlen ýeriň iň netijeli şüdügär hasaplanýandygy, dänelik ekinleri suwarylan ýere ekseň bähbitlidigi hakyndaky maslahatlary görkezmek bolar.
Umuman, ene ýere aýawly çemeleşmek, onuň her daban ölçegini gözüň göreji ýaly goraglamak, bol hasyl almak üçin oňa dökün bermek, agdarmak, suwarmak işleri daýhanyň hemişelik aladasy bolupdyr. Bu babatda babadaýhan pederlerimiziň döreden “Hasyly kän aljak bolsaň, ýeriňi pugta bejer”, “Ýere erk et, onda zer köp” diýen nakyllary nesillerimiz üçin nesihat bolup gelipdir.
Daýhançylyk däp-dessurlary, ekin işleri bilen baglanyşykly gymmatly maglumatlar eziz Arkadagymyzyň “Döwlet guşy” romanynda hem giňden şöhlelenýär. Romanda halk durmuşyna ornaşan birnäçe gadymy sözlere düşündiriş berilýär. Ol sözleriň aglabasy ýer, suw, ekin ekmek bilen baglanyşykly bolup, gadym döwürlerde halk durmuşyna ýaýran düşünjelerdir. Eserdäki: “Buljura – guýynyň ýerden ýokarky daş örülen, germew edilen bölegi”, “Gaýyr ýer – derýanyň ada taşlan ýerindäki ekerançylyk ýer. Gaýyr ýeriň topragy küpürsäp duran ýumşak bolýar. Derýanyň ýakyndan akýandygy üçin toprakdan yzgar çykyp durýar. Şonuň üçin oňa düme gawun-garpyz ekilýär”, “Merz – ýer suwarylanda suw çykmaýan beýgiräk ýerler. Merz, esasan, Köpetdagyň etegindäki ekerançylyk ýerleriniň arasynda duşýar. Mäne bilen Babadurmazyň aralygyndaky bar bolan uzynlygy 200 km, beýikligi 1,5 – 2 metre ýetýän uzyn raýşa meňzeş edilip galdyrylan çile merz diýilýär. Gadymy merz sil suwlaryny saklap, düme ekin ekmek üçin ulanylypdyr. Merz pars sözi bolup, araçäk diýmekdir. Tejende oturmak üçin edilen sekä hem merz diýilýär” diýen düşündirişler özüniň çuňňur many-mazmuny bilen okyjynyň kalbynda ornaşýar.
Asyrlara şaýat bolup ýatan gyzgyn Garagumuň göwsünde kemala gelen “Altyn asyr” Türkmen köli Merkezi Aziýa sebiti üçin iňňän möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen kölüniň gurulmagy ilatly ýerleriň, suwarymly meýdanlaryň arassaçylyk, ekologik ýagdaýyny gowulandyrmagyň meselelerini çözmäge, zeýkeş akabalaryny bir bitewi ýokary netijeli suw ulgamyna birleşdirmäge mümkinçilik berdi. Munuň özi suwarymly ekin meýdanlarynyň çäginiň giňäp, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna, zeý suwlarynyň suw akabalaryna akdyrylmagynyň öňüni almaga ýardam etdi. Ene ýer, daýhançylyk däp-dessurlary halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Ene toprak, ekin-dikin işleriniň dürli ugurlaryny, olar bilen baglanyşykly däp-dessurlary bilmek möhüm ähmiýete eýedir.
Merdana halkymyzyň ýere halal hyzmat etmek, ondan ýokary hasyl almak, maşgalany, obany, tutuş ýurdumyzyň raýatlaryny bolelin durmuşda ýaşatmak däplerine eýerýän edermen babadaýhanlarymyz bagtyýar zamanamyzda özlerine döredilip berlen giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýarlar.
Mergen HANGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.