Syýahatçylar üçin iň ygtybarly «ýolbelet» hasaplanýan «Tripadvisor» platformasy dünýäniň iň gowy myhmanhanalaryny mälim etdi. «Travelers’ Choice 2024 Best Of The Best» atly sanaw ulanyjylaryň baha bermeginde kesgitlenipdir. Sanawa giren myhmanhanalaryň aglabasy deňiz kenaryna golaý ýerleşýär. Myhmanhanalar umumy sanawdan daşgary lýuks, maşgala, saglyk, ählisi içinde, haýwan «dosty» ýaly ugurlara hem bölünipdir.
Umumy sanawyň başynda «Hotel Colline de France» (Gramadu, Braziliýa) bar. «Oblu select Lobigili» (Male, Maldiw adalary), «La Siesta Hoi An Resort & Spa» (Hoýan, Wýetnam) ilkinji üçlüge giripdir. «Adiwana Suweta» (Ubud, Indoneziýa), «Iberostar Grand Packard» (Gawana, Kuba) «Emerald Maldives Resort & Spa» (Fasmendu, Maldiw adalary), «La Siesta Classic Ma May Hotel» (Hanoý, Wýetnam) ýaly myhmanhanalar öňdäki orunlary eýeläpdir. Sanawda Meksika, Hindistan, Türkiýe, Peru, Portugaliýa, BAE, Kamboja, Aruba, Hytaý, Müsür, Marokko ýaly ýurtlardan dynç alyş ýerleri bar.
Döwletgeldi NURÝAGDYÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.