2005-nji ýylyň 27-nji aprelinde has köp orunlyk “Airbus A380” uçarynyň ilkinji synag uçuşy amala aşyryldy. Giň gabaraly (wide-body) uçar Ýewropanyň “Airbus” kompaniýasy tarapyndan uzak aralyga köp sanly ýolagçyny gatnatmak üçin işlenip taýýarlandy. Kompaniýa iki gatly, dört hereketlendirijili uçary işläp taýýarlamaga 1988-nji ýylda girişýär. Taslama 1990-njy ýylda köpçülige yglan edilýär. Bu howa gämisi amerikan kompaniýasynyň 1970-nji ýyllardan bäri öndürýän “Boeing 747”-leriň ornuny tutmak üçin işlenip düzülýär. 2005-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda uçaryň ilkinji synag maksady bilen öndürilen nusgasy Fransiýanyň Tuluza şäherinde köpçülige görkezilýär.
Uzak aralyga gatnamak üçin niýetlenen howa gämisi 525-853 aralygynda ýolagça niýetlenendir. Bu uçarlar 14 müň 800 kilometr aralyga düşlemezden uçup bilýär. 2022-nji ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, dünýäde “Airbus A380” uçarynda jemi 237 sanysy 16 awiakompaniýa tarapyndan ulanylýar. Geçen ýylyň ahyryna çenli 254 (3-si synag üçin) “Airbus A380” öndürilipdir.