Bütindünýä fotografiýa guramasy, “Sony World Photography Awards 2024” professional bäsleşiginiň ýeňijilerini mälim etdi. Bäsleşigiň baş baýragyna Grenlandiýa baradaky dokumental işi üçin fransiýaly suratçy Žýulett Pawi eýe boldy. Bu barada “Moýa planeta” elektron neşiri habar berýär.
“Ýylyň açyk fotosuratçysy” baýragyna Şotlandiýada Aýyň dogan wagty we dronlaryň yşygynda düşürilen meşhur Storr dagynyň suraty üçin Liam Men eýe boldy. “Ýylyň ýaşlar fotosuratçysy” ugry boýunça baýraga bolsa, Angliýanyň Nýukweý şäherinde düşüren serfingçiniň suraty üçin Deniel Mýurreý mynasyp boldy.
Beýleki ugurlardaky ýeňijiler şulardan ybarat: “Portretler”: “Kaka we ogul” fotosuraty üçin Waleriý Poştarow (Bolgariýa). “Ýabany tebigat we haýwanat dünýäsi”: kerebiň suraty üçin Ýewa Berler (Gresiýa). “Daşky gurşaw”: Meksikanyň ýerli ýaşaýjylarynyň balarylar bilen suraty üçin Mae Elipe (Fransiýa). “Peýzaž”: Gazagystanyň uzak bir ýerinde surata düşürilen “Gurbanlyk berilýän zolak” üçin Eddo Hartmann. “Binagärlik we dizaýn”: Filippinlerdäki eždatlaryň öýleri baradaky taslama üçin Şiwon Doran (Irlandiýa). “Portfolio”: “Portretler we peýzažlar” suraty üçin Horhe Monako (Argentina). “Sport”: gyşky serfing baradaky “Sowuk Gün” suraty üçin Tomas Merot (Islandiýa). “Döredijilik”: “Müňlerçe kesik” suraty üçin Sujata Setia (Beýik Britaniýa). “Fotografiýa goşan goşandy üçin” aýratyn baýraga 50 ýyllyk karýerasynyň dowamynda döreden ak-gara eserleri üçin dünýä belli fotosuratçy Sebastýao Salgado mynasyp boldy.
Bäsleşigiň iň gowy eserleriniň sergisine “Somerset House” öýünde 6-njy maýa çenli tomaşa etmek üçin açyk bolar.