«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýolagçylardan gelýän köp sanly islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, halkara gatnawlarynyň sanyny yzygiderli artdyrýar. Awiakompaniýa şolaryň hatarynda Aşgabat – Kuala Lumpur –Aşgabat aralygyndaky gatnawlaryny hem hepdede iki gezege çykardy.
Ozal Türkmenistanyň we Malaýziýanyň paýtagtlaryny birleşdirýän uçuşlar hepdede bir gezek ― diňe penşenbe güni amala aşyrylýardy. Şu ýylyň 23-nji aprelinden başlap, bu ugur boýunça gatnawlara hepdäniň sişenbe günündäki gatnawlar hem goşuldy.
Indi sişenbe günündäki T5-801 gatnaw arkaly türkmen laçyny Aşgabatdan ýerli wagt bilen sagat 16:10-da göge göterilip, Malaýziýanyň paýtagtyna gije 02:40-da gonýar. Iki sagat soňra – 04:40-da Kuala Lumpurdan Aşgabada tarap ýola düşen uçar türkmen paýtagtyna çarşenbe güni gündiz sagat 10:10-da dolanyp gelýär.