Arassaçylyk düzgünlerini talabalaýyk berjaý etmek saglyk üçin peýdalydyr. Eliňi wagtly-wagtynda sabynlap ýuwmak, otagyňy we egin-eşikleriňi arassa saklamak, şeýle hem saçyňa ideg etmek şahsy arassaçylyk düzgünleridir. Köp adam saçyny her gün ýuwýan bolsa, käbir adam hepdede iki-üç gezek ýuwanyny kem görenok. Şampun saç üçin ygtybarly arassaçylyk serişdesi bolup, saçyňa görä ortaça derejede ulanmaly. Köpler saçyny iki gezek şampunlaýar. Käbir adam bolsa, saçyny birnäçe gezek köpürjikledip ýuwanyndan soň, saçynyň has owadan görünýändigini aýdýar. Eýsem, saçyňy näçe gezek şampunlamalydygy barada pikirlenip gördüňizmi?
Saçyňy iki gezek şampunlamak köp adamyň ulanýan usuly bolsa-da, bu usulyň näderejede takykdygy we ýalňyş taraplary barada dermatologlar şeýle maslahatlary berýärler.
Mahabat wideolarynda görkezilişi ýaly saçyňy birinji gezek şampunlanyňda hapalar aýrylyp, ikinji gezek şampunlanyňda saçyň has ýalpyldawuk görünýär. Bilermenleriň pikiriçe, bu usul hemmeler üçin deň däl. Saçyň gürlügi, selçeňligi, ýaglylygy, şeýle hem deri keselleri bilen bagly ýagdaýlary göz öňünde tutmak arkaly her adam özüne görä şampun saýlamaly. Şeýle-de, şampunyň her gezek ulanylýan mukdary hem saçyň ösgünligine görä bolmaly. Saçyňy has köp şampunlamak kelläniň derisine we öýjüklere zeper ýetirip, allergiki ýagdaýlara, deriniň guramagyna hem-de saçyň düşmegine sebäp bolup bilýär. Saçyňy iki gezek şampunlamak saçyny hepdede iki gezek ýuwýanlara, buýra-buýra we ösgün saçlylara degişli bolup, gysga saçlylara maslahat berilmeýär.