Aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­ni ta­la­ba­la­ýyk ber­jaý et­mek sag­lyk üçin peý­da­ly­dyr. Eliňi wagt­ly-wag­tyn­da sa­byn­lap ýuw­mak, ota­gy­ňy we egin-eşik­le­ri­ňi aras­sa sak­la­mak, şeý­le hem sa­çy­ňa ideg et­mek şah­sy aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­dir. Köp adam sa­çy­ny her gün ýuw­ýan bol­sa, kä­bir adam hep­de­de iki-üç ge­zek ýu­wa­ny­ny kem gö­re­nok. Şam­pun saç üçin yg­ty­bar­ly aras­sa­çy­lyk se­riş­de­si bo­lup, sa­çy­ňa gö­rä or­ta­ça de­re­je­de ulan­ma­ly. Köp­ler sa­çy­ny iki ge­zek şam­pun­la­ýar. Kä­bir adam bol­sa, sa­çy­ny bir­nä­çe ge­zek kö­pür­jik­le­dip ýu­wa­nyn­dan soň, sa­çy­nyň has owa­dan gö­rün­ýän­di­gi­ni aýd­ýar. Eý­sem, sa­çy­ňy nä­çe ge­zek şam­pun­la­ma­ly­dy­gy ba­ra­da pi­kir­le­nip gör­dü­ňiz­mi?
Sa­çy­ňy iki ge­zek şam­pun­la­mak köp ada­myň ulan­ýan usu­ly bol­sa-da, bu usu­lyň nä­de­re­je­de ta­kyk­dy­gy we ýal­ňyş ta­rap­la­ry ba­ra­da der­ma­to­log­lar şeý­le mas­la­hat­la­ry ber­ýär­ler.
Ma­ha­bat wi­deo­la­ryn­da gör­ke­zi­li­şi ýa­ly sa­çy­ňy bi­rin­ji ge­zek şam­pun­la­nyň­da ha­pa­lar aý­ry­lyp, ikin­ji ge­zek şam­pun­la­nyň­da sa­çyň has ýal­pyl­da­wuk gö­rün­ýär. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­çe, bu usul hem­me­ler üçin deň däl. Sa­çyň gür­lü­gi, sel­çeň­li­gi, ýag­ly­ly­gy, şeý­le hem de­ri ke­sel­le­ri bi­len bag­ly ýag­daý­la­ry göz öňün­de tut­mak ar­ka­ly her adam özü­ne gö­rä şam­pun saý­la­ma­ly. Şeý­le-de, şam­pu­nyň her ge­zek ula­nyl­ýan muk­da­ry hem sa­çyň ös­gün­li­gi­ne gö­rä bol­ma­ly. Sa­çy­ňy has köp şam­pun­la­mak kel­lä­niň de­ri­si­ne we öý­jük­le­re ze­per ýe­ti­rip, al­ler­gi­ki ýag­daý­la­ra, de­ri­niň gu­ra­ma­gy­na hem-de sa­çyň düş­me­gi­ne se­bäp bo­lup bil­ýär. Sa­çy­ňy iki ge­zek şam­pun­la­mak sa­çy­ny hep­de­de iki ge­zek ýuw­ýan­la­ra, buý­ra-buý­ra we ös­gün saç­ly­la­ra de­giş­li bo­lup, gysga saç­ly­la­ra mas­la­hat be­ril­me­ýär.