Soňky döwürde ýurdumyzda ýerli we halkara uçar gatnawlarynyň ýygylygy yzygiderli artýar, şol sanda dürli ýurtlara täze gatnaw ugurlary hem açylýar.
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň çar ýana ýaýraýan uçuşlary ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen özara gatnaşyklary pugtalandyryp, dost-doganlygy, hoşniýetli hyzmatdaşlygy ilerledýändiginiň güwäsine öwrülýär. Täze taryhy döwürde «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasyna» laýyklykda, raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da kämilleşdirmek, düzümini täze uçarlar bilen artdyrmak, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze howa menzillerini gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde raýatlarymyz dünýäniň dürli ýurtlaryna okuw we syýahatçylyk maksady bilen uçuşlary amala aşyrýarlar. «Türkmenistan» awiakompaniýasy raýatlaryň gitmäge isleg bildirýän ýurtlary üçin gatnawlaryň sanyny yzygiderli artdyrýar.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýolagçylardan gelýän köp sanly islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, halkara gatnawlarynyň sanyny yzygiderli artdyrýar. Awiakompaniýa şolaryň hatarynda Aşgabat – Kuala Lumpur – Aşgabat aralygyndaky gatnawlaryny hem hepdede iki gezege çykardy.
Ozal Türkmenistanyň we Malaýziýanyň paýtagtlaryny birleşdirýän uçuşlar hepdede bir gezek – diňe penşenbe güni amala aşyrylýardy. Şu ýylyň 23-nji aprelinden başlap bu ugur boýunça gatnawlara hepdäniň sişenbe günündäki gatnawlar hem goşuldy.
2024-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Aşgabat – London – Aşgabat aralygyndaky howa gatnawy hepdede iki gezek amala aşyrylyp başlandy. Mundan beýläk «Türkmenhowaýollary» agentligi ýurdumyzyň we Beýik Britaniýanyň paýtagtlaryny birleşdirýän uçuşlary her hepdäniň çarşenbe we şenbe günlerinde amala aşyrar.
Türkmen paýtagtyny günbatar Ýewropanyň iň iri şäherleriniň biri bilen birleşdirýän bu uçuş iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň barha ilerlemegine ýol açar.
Ýola goýlan şeýle işler üçin ildeşlerimiziň – ýolagçylaryň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklarynyň we alkyşlarynyň çägi ýok.
Oguldöwlet AMANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.