«Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Karara laýyklykda, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan, Türkiýede, Azerbaýjanda, Gruziýada, Ukrainada, Özbegistanda, Gyrgyzystanda, Rumyniýada, Russiýada, Koreýa Respublikasynda, Ermenistanda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Ýaponiýada, Eýranda, Pakistanda, Hindistanda, Germaniýada, Ispaniýada, Beýik Britaniýada ylmy maslahatlar, döredijilik hepdelikleri, duşuşyklar, filmleriň we wideoşekilleriň görkezilişleri, edebiýat agşamlary we bäsleşikler guraldy.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda Ankarada Türkmenistanyň ylym, medeniýet we sungat işgärleriniň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy we medeni çäreler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Bu çäreden sanlyja gün soňra bolsa Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkiýäniň Ýewraziýa Ýazyjylar Bileleşigi tarapyndan täze kitap neşir edildi. Kitap Emrah Ýylmazyň 10 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda, Özbegistanda we Türkiýede geçiren barlaglarynyň esasynda taýýarlandy.
Bägül ATOWOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Aşgabat şäher medenýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.