Gaýtadan saýlanan Londonyň ýerli häkimiýetiniň häzirki ýolbaçysy Sadyk Han bu wezipede üçünji möhlete galar. Maý aýynyň başynda geçirilen saýlawlarda “Zähmet” partiýasyna wekilçilik edýän Sadyk Han 43,7% sese eýe boldy, onuň konserwatiw bäsdeşi Sýuzan Holl bolsa, 32,6% sese eýe boldy. Londonyň meriniň bu wezipede üçünji möhlet galmagy taryhda ilkinji gezekdir.