Özbegistan Respublikasynyň Garagalpagystan Respublikasynda umumy bahasy 7,3 milliard amerikan dollaryna deň bolan iki sany ýel elektrik bekedi gurlar. Bu babatda Üçünji Daşkent halkara maýa goýum forumynda ylalaşyk gazanyldy.
Ýel elektrik bekediniň birinjisi ýylda 17,5 milliard kilowat/sagat elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply bolup, taslamanyň bahasy 6,2 milliard dollara deň bolar. Desganyň gurluşygy Saud Arabystanynyň «ACWA Power» kompaniýasy tarapyndan maliýeleşdiriler. Ikinji ýel elektrik bekediniň taslamasynyň bahasy 1,1 milliard dollara deň bolup, onuň ýyllyk önümçilik kuwwaty 3,5 milliard kilowat/sagat elektrik energiýasyna barabar bolar. Taslama BAE-niň «Amea Power» kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçiriler.