Tehnologiýanyň çalt depginde ösýän ýurdy bolan Ýaponiýada internat aragatnaşygynyň altynjy nesli hasaplanýan 6G ulgamy synagdan geçirildi. Bu ulgamyň maglumat geçiriş tizligi örän ýokary bolup, synag wagtynda ýapon öndürijileriniň konsorsiumy 100 GB/sekunt tizlik bilen 90 metrden uzagrak aralykda maglumat geçirmegi başardylar. Bu bolsa 5G-den 20 esse çalt diýmegi aňladýar. 100 Gbit/sekunt geçirijilik tizligi bir sekuntda 5 HD durulygyndaky filmiň howa arkaly ýaýramagyna mümkinçilik berýär. Bu bolsa ABŞ-daky “T-Mobile” aragatnaşyk operatorynyň 5G hyzmatynyň ortaça tizliginden 500 esse çaltdyr. Soňky synaglar enjamlaryň 100 Gbit/sekunda çenli maglumat geçiriş tizligini gazanyp biljekdigini subut etdi. Baglanyşyk ýapyk giňişlikde 100 GHz diapazonda guruldy. Ol açyk meýdanda 300 GHz çenli tizlikde geçip bilýär. Deňeşdirip aýdylanda, 5G signallary köplenç, 6 GHz-dan pes zolaklarda geçirilýär we diapazony 40 GHz çenli uzaltmak mümkinçiligi bar. 6G ulgamy has ýokary ýygylyklary ulanmagy öz içine alýandygy sebäpli, operatorlar täze infrastruktura gurmaly bolarlar. “Fujitsu”, NEC we “Nokia” ýaly kompaniýalar eýýäm munuň üstünde işleýärler. 2030-njy ýylda bolsa bu ýokary tizlikli 6G torlaryny ornaşdyryp başlamagy meýilleşdirýärler.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň
Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.